13.04.2014 й. Magtymguly adyndaky ТДU-de ,,Sagdynlyk we bagtyýarlyk” aýy mynasybetli köpçilikleýin bedenterbiýe - sport we sagdyn durmuş - medeni çäreleriň çäklerinde akyl - paýhas oýunlarynyň küşt, şaşka we düzzüm görnüşleri boýunça ýaryşyň açylyş dabarasy geçirildi. Ýaryşyň açylyş dabarasyna uniwersitetimiziň talyp ýaşlary köpçülikleýin gatnaşdylar. Ýaryşyň düzgüni boýunça ilki öz fakultetlerinde ezberlik görkezen talyplar fakultet ara basleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar. Uniwersitetimiziň himiýa - biologiýa, geografiýa, hukuk we daşary ýurt dilleri fakultetleriniň talyplaryna bije boýunça ilki bolup bäsdeşmek miýesser etdi. Bu dört fakultet hem intelektual oýunlarynyň düzzüm, şaşka, küşt görnüşleri boýunç öz ezber talyplaryny öňe çykardylar. Olardan düzzüm boýunça geografiýa fakultetinden Täşliýew Lukman, himiýa fakultetinden Allaberdiýew Ahmet, şaşka boýunça hukuk fakultetinden Allakow Serdar, кüşt boýunça geografiýa fakultetinden Öwezowa Tawus indiki fakultetleriň arasynda bäsleşmäge hukuk gazandylar. Ýeňiji bolan talyplara baýraklar we ezberlik görkezen talyplara-da höweslendiriji baýraklar rektorat derejesinde gowşuryldy. Sportyň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda intellektual oýunlar boýunça-da uniwersitetimiziň fakultetleriniň arasynda-da bäsleşik dowam edýär. Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar oýnuň her görnüşi üçin goýulan baş baýraga mynasyp bolarlar. Akyl - paýhas oýunlarynyň bu üç görnüşi wagtyňy hoş geçirmekde , beýnä dynç bermekde we pikirleniş ukybyňy ýitileşdirmekde, özüňde dürs we çalt pikir endigini ösdürmekde peýdalydyr. Intellektual oýunlaryň biri bolan düzzüm oýny özüniň taryhylygy we şertleriniň aňsatlygy şol bir wagtda gyzyklylygy bilen tapawutlanýar. Düzzüm oýnunyň ,,Sekiz düzzüm”, ,,Bäş düzzüm”, ,,Üç düzzüm”, ,,Gabaw” (,,Iki düzzüm”) ýaly birnäçe görnüşleri bar. Düzzüm oýny ilkiler daşjagazlaryň kömegi bilen oýnalypdyr. Daşlaryň düzüminde az mukdarda bolsa-da, suw saklaýandygyny bilmek gyzykly bolsa gerek. Biz ,,daşlar gürleýärler” diýen sиtatalara gabat gelýäris. Kä bir adamlara öz gylyk - häsiýetine baglylykda daşlaryň kömek edýändigi täzelik däl. Düzzüm oýny hem ýokarda belläp geçişimiz ýaly ilki - ilkiler daşlar bilen depelere, ýere çyzylyp oýnalypdyr. Bu oýun islendik ýaşdaky adamlar üçin gyzykly. Bu oýny diňe bir güýmenje däl - de, gyzyklanma hökmünde kabul edýärler. Bu oýna uly ähmiýet berýänler düzzüm oýnanlarynda öz daşlarynda oýnapdyrlar we olar şol daşlary hemişe öz ýanalary bilen göteripdirler. Häzir biziň milli düzzüm oýnumyz dünýä derejesinde oýnalýar. Düzzümiň häzirki daşlar bilen depä çyzylan şertlerinde däl-de, stoluň üstünde oýnalýan wagty hem öz daşlaryny ýanlarynda sakalaýan belli düzzüm ussatlary bar. Olary aýtmagynа görä tebigatyň bir parçasy bolan ol jisimler ýol görkeziji, ylham beriji bolýar. Olarda ýaşy bir çenе ýeten ussatlar bolsa çagalykda oýnan daşlarym diýýip, ellerindäki daşjagazlary görkezýärler. ,,Daşlar gürleýärler emma, olar bilen öz dilinde gürleşmegi başarmak gerek” - diyip M.Demitrow belleýär. Ol özüniň ähli oýnunda elinde daşjagazyny saklap oýnaýar. Dogurdan hem daşlar syrly bir dünýä. Daşlar ilki metal hökmünde, gurluşyk çig maly hökmünde ulanylypdyr. Häzir biz daşlarda çekilen taryhy suratlara, ýazgylara, ýasalan we ýasalýan heýkelleri görýäris...