Тürkmenistanda okuwa, ylyma, bilime, medeniýete, edebiýata we sungata giň ýol açyldy. Häzir ýurdumyzda ýaşlara ähli gurlar boýunça ýokary derejeli, döwrebap tehnologiýalar bilen abzallaşdyrylan ýokary okuw jaýlarda bilim berilýär. Biz ýaşlaryň bilim almagy, okuwda hem okuwdan soň wagtymyzy bisarpa geçirmezligimiz üçin, elýeterli bahalar bilen ýokary derejede abzallaşdyrylan sport desgalary, dil merkezleri açylyp ulanmaga berildi. Uniwersitetimizde islendik wagtyňa gurap boljak ,,Gözleg” dil merkezi hem ýurdymyzyň islendik ýaşdaky raýýatlary üçin hyzmat edýär. Bu merkezde uniwersitetimiziň professor mugallymlary zähmet çekýär. Şeýle-de talyp ýaşlar üçin ýeňillikler hem döredilen. Zehin synaglaryny, edebiýat agşamlaryny, taryhy ýadygärliklere syýahatlary yzygiderli guraýarlar. Uniwersitetimiziň fakultetleriniň arasynda guralan zehin bäsleşigi häzir hem çekeleşikli ýagdaýda dowam edýär. Bäsleşigiň sowallary islendik temalarda uniwersitetimiziň mugallymlaryndan düzülen emin agzalar tarapyndan taýýarlanylýar. Öz fakultetlerinde üstünlik gazanan talyplar fakultet ara bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanýarlar. Bäsleşik gözýetimimizi giňeltmage uly mümkinçlik berýär. Uniwersitetimiziň ýanyndaky harby taýýarlyk okuwynda talyp gyzlary şepagat uýalary hünärinе taýýarlaýarlar. Iki ýylyň dowamynda öwrenilýän harby taýýarlyk okuwynda hassahanalara tejribelige ugradýarlar. Tejribelikde ýylyň dowamynda öwrenen umumy okuwlaryны berkidýärлер. Her ýyl geçirilýän şepagat uýalarynyň bäsleşigine şu ýyl hem ýurdumyzyň bäş sany ýokary okuw jaýlarynyň talyp gyzlary ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Ençe ýyldyr öňdeligi elden bermän gelýän uniwersitetimiziň talyp gyzlary häzir hem okuwdan daşary medиsinanyň inçe syrlaryny öwrenmekde yhlasly taýýarlyk görýärler. Bäsleşik professor mugallymla тарапындан taýýarlanан soraglary we talyp gyzlaryň bijesine düşen ilkinji medиsina kömegini doly we dogry ýerine ýetirmeklikleri esasynda guralýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döвlet uniwersitetiniň talyplary, ýurt derejesinde bellenilýän Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna bagyşlap, uniwersitetiниiň чäginde Magtymguly pyragynyň goşgularyny ýatdan okamakda we ylmy makalary ýazmakda rektorat tarapyndan yzygiderli geçirilýän baýrakly bäsleşige gatnaşýarлар. Uniwersitetimizde her ay aýlyk okuw jemlemesi geçirilýär. Aýlyk jemleme dabaraly nyzam görnüşinde alnyp barylýar. Nyzamda talyplarymyzyň okuwa ýetişigi boýunça hasabat berilýär, öňe gidişlikler we bökdeşlikler aýdylýar. Her dabaraly nyzamda diýen ýaly halkara derejesinde baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplar rektorat tarapyndan sylaglanylýar. Şeýle hem nyzamda her aý rektorat tarapyndan yglan edilen ,,Aýyň žurnalisti” bäsleşigi hem uly ähmiýete eýedir. Bäsleşigiň şerti boýunça her aý habar beriş serişdelerinde işjeňligi boýunça iň ýokary üstünligi görkezen talyp sylaglanylýar. Bu bäsleşikde uniwersitetimiziň žurnalistika hünäriniň talyplary öňdeligi elden berenoklar. Жurnalistika hünäriniň talyplary redaksiýalarda önümçilik tejribeliginde bolýarлар. Maksatnama laýyklykda kurs boýunça önümçilik tejribeligini habar beriş serişdeleriniň ählisinde geçирилйäр. Дegerli maslahatlary almaga mümkinçilik döredýän, halypalar bilen guralýan söhbet sapaklaryna gatnaşýarлар. ,,Ylham joşguny” atly talyp ýaşlar birleşigi hem biz üçin kämillige ädilýän ädimlere goltgydyr. Çünki bäsleşigiň her sanynda ýurdymyzyň meşhur şahyrlary, žurnalistleri, edebiýatçylary bilen duşuşmak bagty miýesser edýär.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir