Ähli musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan Mekge şäheriniň emiri Halit al Faýsal şäherde täze taslamalaryň durmuşa geçiriljekdi gini mälim etdi. Bu ýylky haj zyýa raty barada habarçylara maglu mat beren Faýsal zyýaratçylara dürli kömekleri edendiklerini aýt dy. 239 müň işgäriň hajylara hyzmat edendigini aýdan Faýsal, zyýarat çylara saglyk hyzmatlaryny hem hödürländiklerini mälim etdi. Ähli hyzmatlaryň bolsa tölegsiz edilen digini aýtdy. Habarçylaryň soragla ryna jogap beren Faýsal geçen Oraza aýynda Saud Arabystany nyň patyşasy Abdullahyň Mekge şäheriniň täze taslamasyny dur muşa geçirmegi barada tabşyryk berendigini ýatladyp, bu taslama nyň alty ýylyň doamynda tamam lanjakdygyny aýtdy. Emir Faýsal taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Käbäniň içi, daşy we Mekge şäheriniň golaýyndaky beýleki şä herlere gatnawlarda uly ýeňillik dörediljekdigini aýtdy. "zaman" gazetinden