Basraly Şemun bir otparaz bolupdyr. Şeýlede bolsa müsulmanlara hormat goýýan gowy häsiýetli adamdy. Hiç kim bilen dawalaşmazdy,yalan sözlemezdi, aýdan sözünde durardy we jomartdy,mertdi. Şeýle hem ol özüniň gül ýüzli goňşusy Hasan Basry hezretlerini gowy görerdi,ony uzakdan gelýänini görse aýaga galyp oňa hormat goýardy .
Hasan Basry hz hem Şemunyň musulman bolmagyny örän islärdi. Hatda kä gijeler daňa çenli Allaha onuň üçin hidaýet (dogry ýola düşmegini) dilärdi. Rahman we Rahym bolan Allah onuň bu dogalaryny kabul edipdir we bu waka nähili bolypdyr ?
Şemun bir gün agyr hastalyga ýolugypdyr. Bir-iki günüň içinde gowy horlanyp sapaga dönüpdir. Hasan Basry hz biraz süýt, biraz hurma alyp goňşusynyň gapysyndan ony soramaga barypdyr. Şemun ony görüp örän tolgunypdyr:
— Wah,goňşy näme azara galýaňyz beýle ?
—Azary bolarmy goňşy,bu biziň wezipämiz dälmi näme ?
—Bilýäňmi,menä gidigçi boldum.
—Hemmämiz hem gidigçidiris.
—Ahyretde görüşmejegimizden gorkýaryn. Sebäbi meniň ynanjym dogry bolsa aýry ýerde bolarys.
Hasan Basry hz oňa ajy ýylgyryp:
—Eger meniň ynanjym dogry bolsa näme ?
—Bary bir ýene aýry yerde bolýas,meni ot ýakar.
—Düşün Şemun ot yaradyjy däldir, ýaradylan zatdyr. Alla (Jelle Jelalehu) dilemese hiç kimede bir azap bolmaz.
—Müslümanlar şuňa meňeş sözleri diýýärdiler ýöne oduň ýakmadygy görülen zat dälä ?
—Oduň yakmadygyny görseň maňa ynanyp,Alla iman edermiň?
—Ynanaryn,hawa.
Allahyň öwülýä gullary adatça öz keramatlaryny gizlin saklaýarlar. Ýöne,zerur ýerde olar öz keramatlaryny görkezmäge mejbur bolýarlar.Hasan Basry hezretleride ýanyp duran oda elini sokup ondaky közleri eline alyp elinde saklaýar. Şemun muny görüp haýran galypdyr. Beýik weli:
—Isleseň göwräm bile oduň içine gireýinmi ?
—Ýok,şu görkezeniň hem ýeterlik.
—Gördüň dälmi,seniň, meniň, daglaryň , gökleriň, denizleriň yaradyjysy bolan Allah ody maňa zerarsyz etdi.
—Dogry aýdýaň Allahyň beýikligini kabul etdim.
—Al, isleseň senem elle,hany seni ýakyp bilse ýaksyn göreli ?
—Diýmäge sözüm galmady.
—Emma meniň diýjek köp sözüm bar. Şemun özüňe zulum etme. Gel iman et we dowzahdan gutul. Altyndan köşükler, nepis şerbetler, bakjalar, hür-periler saňa garaşýar. Bir gezek kelemeýi şahadeti sözle we ebedi bagtyýarlyga gowuş.
—Şeýle aňsatmy näme ?
—Hawa,şeýle aňsat.
—Emma meniň ömrüm günäň içinde geçdi ahyryn.
—Meniňkide şeýle emma Allatagala günä geçijidir.
—Näme diýjegimi hem bilmedim munca yyldyr otparaz bolup yaşamdan soňra...
—Hiç başga adamlar näme diýer diýme ,diňe kalbyň sesini diňle.
— Kalbym seniň bilen bir, yöne çekinýän zatlarym bar .
—Nameden çekinýäň.
—Ýagny,Allahym meni kabul edermi?
— Eder.
—Maňa gulum diýermi?
—Diýer.
—Belki kepil bolarmysyň?
—Bolaryn.
—Ähitnamda yazarmyň?
—Yazaryn.
—Möhürňide basarmysyň?
— Basaryn.
—Bolýar onda, sen indi maňa näme etmelidigimi aýt ...
Şemun ogullaryny, yakynlaryny çagyrdypdyr. Üýşmeleňiň arasynda iman edipdir. Şol gün agşam hem ajaly ýetip ýogalypdyr. Ony jaýlapdyrlar. Hasan Basry hezretleri hem aladaly, hem begençlidir. Üstünden agyr bir yük giden ýaly bolupdyr. Ony jaýlap öýüne gelipdir. Öýde ýeke özi galansoň bolan zatlary ýatlap pikire batypdyr. Birden uly aladaň arasynda galan ýaly howsala düşüpdir. "Wah,eden işim bar bola,sen kim bolýaňda ähitnama beren bolýaň,özüňi gutarjagyň şübheli halyňa başkalaryna kepil bolýarsyň. Eý waý,eý waý! Aman,Allahym men nähili ýalňyş iş edipdirin " !?
Ol gije ýatman müňlerçe, on müiňlerçe gezek toba eder, Ya Allahym men ejiziň, günäsini geç ,men bir günäkäriň biridirin diýer. Hasany Basry şeýle bir aglap,ýalbaryp bitap düşer. Şeýdip ýatyp galar we düýşünde Şemuny görer. Görse ol keýpi kök,şadyýandyr. Kellesi täçli jennetde döwran sürüp ýören ekeni.Hasany Basry hezretlerini görüp ýanyna gelipdir. Oňa:
— Allatagala nähili beýik,men ýaly günäkärede öz merhemetini etdi.
—Hawa,onsaň ahitnamany nätdiň?
—Wi,oňa seretmedilerem,isleseň yzyna bereýinmi ?
—Yalbarýan,gaýrat etde yzyna bersene ?
—Al!
Hasan Basry hezretleri haty alyp begenip oýanar.