2). BEDEN ARASSALYGY.
Jynsy hyjuwa täsirini ýetirip bilýän esasy faktorlaryñ biri hem beden we diş arassalygydyr. Dinimiz arassalyga juda ähmiýet berýändir. Munuñ sebäbi bolsa, köpçülik ýerinde ýakymsyz ys döredip adamlary birahat etmezligi we ýassykdaşlaryñ biri-birlerine bolan mähir-muhabbetleriniń berkemegi üçindir. Uýat ýerlerini we goltugyny ýuwup durmaýandan gelýän ýakymsyz yslar jynsy gatnaşygyñ keýpine sogan dograýan zatlaryñ biridir. Sünni akymynyñ esasy ugurlarynyñ biri bolan mäliki mezhebinde aýalyñ jynsy organlaryndan ýakymsyz yslaryñ yzygiderli gelip durmagyny nikany bozmak üçin sebäpleriñ biri kabul edýär. Şonuñ üçinem aýallar we erkekler yslam dininin hökmany hasap eden arassaçylyk düzgünlerini berjaý edäýmelidir. Arassaçylyk düzgünlerini kadaly ýerine ýetirmeýän adamlarda jynsy duýgusyzlyk emele gelýär. Ahyrsoñunda bolsa birnäçe kişileriñ durmuşynda esasy faktor bolup durýan jynsy gatnaşygyñ kesilmegi bilen, maşgalanyñ binýady hem gowşap başlaýar. Ýanýoldaşlar beden arassaçylygyny berjaý edenlerinde hökmany suratda suw ulanmalydyr. Suw bilen ýuwunmasañ, barybir bedende mikrop galyndylary we ýakymsyz yslar galýar, netijede bolsa är-aýalyñ arasynda ideal jynsy gatnaşyk bolup bilmez.
▶ Beden arassaçylygynda är-aýalyñ etmeli işleri megerem şu aşakdakylardan ybarat bolsa gerek:
- Kiçi we uly täretden soñra suw bilen täret almalydyr;
- Jynsy gatnaşyk sebäpli, has öñ ýuwunmadyk bolsa, iñ bolmanda hepdede bir gezek suwa düşmelidir;
- Kyrk günden geçirmän dyrnagyñy almaly, goltuk asty we uýat ýerlerdäki tüýleri syryp aýyrmaly;
- Saçlaryña gowy ideg etmeli;
- Dişleriñi ýuwup durmaly (oñarsañyz miswak ulanyñ). Şeýlelikde diş etleriniñ arasynda galan we ýakymsyz yslara sebäp bolup biljek azyk galyndylaryndan arrasa bolarsyñyz.
Diş arassalygynyñ jynsy gatnaşyk babatda aýratyn orny bardyr. Ogşaşmagyñ jynsy islegleri gylawlandyrmaga edýän täsirini göz öñüne tutsak, onda garşyñdakynyñ dişleri arassa däl bolsa, ýa-da siziñki arassa däl bolsa jynsy gatnaşykdan aljak lezzete sogan dogralsa gerek.
3). GÖZ ARKALY HYJUWLANMAK.
Göz adamyñ kalbyna açylan penjire diýsek ýalñyş bolmasa gerek. Şamar saçlaryñ, garamyk gözleriñ, gelşikli agzyñ, pisse dodaklaryñ göze gönûkdirilen jynsy hyjuwlandyryjylardygyny hiç kim inkär etmese gerek. Aýalyñ we erkegin bir-birlerinde gözüne ýakymly görünen ýerine seretmekden lezzet alýandygy, bu görmek duýgusynyñ jynsy hyjuwa täsir edýän faktorlardan biridigini görkezýär. Yslam dinimiz erkegiñ öz ýanýoldaşyndan başga aýallara, aýallaryñam adamsyndan başga erkeklere bakmagyny, görmek duýgusy juda güýçli jynsy islegiñ döremegine sebäp bolup biljekdigi üçin gadagan edipdir.
4). GALTAŞMAK DUÝGUSY.
Duýgy organlarymyzdan bolan derimiz galtaşmak duýgusynyñ organydyr. Tejribeleriñ görkezişi ýaly, beden sürtüşmeleri arkaly jynsy duýgular oýanyp bilýär. Munuñ sebäbi bolsa oýaryjy faktorlara garşy ýumşak damarlaryñ barlygyndadyr. Bu jynsy hyjuwy oýandyryjy sebäpleriñ başynda gelýär. Aýalda-da, erkekde-de galtaşylan wagtynda jynsy islegi gylawlandyrýan käbir beden agzalarynyñ bardygy hemmä mälim zatdyr. Galtaşma, ogşaşma, sypalanma garşy duýguçyllygy güýçli beden agzalaryna şöhwetlendiriji agzalar diýip at berilýär. Ýagny jynsy gatnaşyk bolup durka, bu agzalaryñ oýarylmagy jynsy islegi hasam hereketlendirýär. Bu nukdaýnazardan hylwatly pursatlarda, hususanam aýalyñ şöhwetlendiriji agzalaryny sypamak, ony orgazm pursatyna taýýarlamak üçin esasy zatlaryñ biridir. Är-aýallyk gatnaşyklarynda şowly jynsy gatnaşyklaryñ ilkinji şertleriniñ biri är-aýalyñ biri-birlerindäki şöhwetlendiriji ýerlerini (ýumşak damaryny, "toçkasyny") bilmekleri we şol ýerleri sypalamaga üns bermekleri gerekdir. Yslam dininde biri-birine nämährem bolan aýal bilen erkegiñ biri-birini ellemegine, gatnaşyk saklamagyna, elinden tutmagyna, elini ogşamagyna asla rugsat berilmeýär we haram hasaplanýar. Çünki nebsi oýandyrýan şöhweti aýaga galdyrýan sebäpleriñ biri hem keseki aýala el degirmekdir. Hadyslarda aýdylyşy ýaly, el bilen ellemek - bu eliñ zynasydyr, ýagny her galtaşan agzanyñ aýratyn zynasydyr. Hezreti Muhammet (s.a.w) bir hadysy-şerifinde şeýle diýýär:
"Biriñiziñ başyñyza demirden bir çişiñ dürtülmegi, nämährem aýala galtaşmakdan has gowudyr".
Diñe şu hadys hem galtaşmagyñ jynsy islegleri oýarmakda esasy zatlaryñ biridigini görkezýär. Megerem, hut şonuñ üçin keseki erkek bilen aýallyñ elleşmegi haram edilipdir.