"Ýanýoldaşyñyz bilen bolanyñyzda özüñiziñ lezzet alyşyñyz ýaly onuñam jynsy kanagatlanmasyny üpjün etmän ondan aýrylmañ". ("Feýzül-Kadyr", I-nji tom)
JYNSY GATNAŞYKDA BOLMAK HUKUGY
Maşgalada bagtly durmuşyñ we agzybirligiñ iñ möhüm faktorlarynyñ biri hem erkek bilen deñ derejede aýalyñ hem jynsy taýdan lezzet almagydyr. Maşgala agzalalyklaryñ aglabasyny içgin öwrenilende, olarda är-aýalyñ arasyndaky jynsy gatnaşyk meselesinde oñuşmazlygyñ bardygyny görmek bolýar. Bu aýan edilip durulmasa-da aslynda agzalalyklaryñ köpüsiniñ sebäbi şundadyr. Hatda oñuşmazlygyñ sebäbiniñ şundan gelip çykýandygyny är-aýalyñ özlerem bilmeýär ýa-da üns bermeýär. Muny bolsa käbir sebäpler bilen düşündirmek bolar. Meselem, käbir erkekler dogabitdi hyjuwly, aýallar bolsa islegsiz bolup biler. Käte bolsa aýallar aşa aýgyr bolup, erkekler islegsiz bolup bilýär. Munuñ ýaly ýagdaýlarda jynsy gatnaşyklarda düşünişmezlikler döräp başlaýar we är-aýalyñ arasynda oñuşmazlyk döreýär. Kämahal erkekler, käte aýallar durmuş aladalaryndan ýaña ýanýoldaşlarynyñ bu hususlaryna biperwaýlyk bilen seredýärler. Bedeni argyn kişi dynç alyp ýatyrka, garşysyndakynyñ jynsy islegini we hyjuwyny duýjak bolup durmaýar. Duýsa-da bu işi keýpihon ýerine ýetirmez. Köplenç hem boýun towlaýarlar. Islegli ýapyşan tarap bolsa ýassykdaşynyñ bu bolşuny görüp, işdäsine sogan dogralýar we islegini aýan etjek bolubam durmaýar, ýa-da ýassykdaşyny bu işe mejbur edýär. Jynsy taýdan kanagatlanma alyp bilmeýän erkekde ýa aýalda bu keýpsizlik wagtyñ geçmegi bilen artýar we ahyrsoñunda maşgala arasynda biderek zatlaryñ üstünde biri-birine iñirdemegiñ netijesinde ownuk dawalar başlanýar. Maşgala dawalarynyñ köpüsinde şunuñ ýaly sebäpleriñ bardygy subut edilen hakykatdyr. Öz öýünde aýalyndan kanagatlanmaýan köp erkekler bar gaharyny başgalardan çykarýan ýerleri az däl. Yslam aýalyñ we erkegiñ kadaly jynsy gatnaşyklary babatda jynsy gatnaşygyñ maksadyny, halal we haram taraplaryny bildirip öz nukdaýnazaryny beýan edipdir. Biz bolsa hem dini, hem ylmy deliller bilen bu hususda size düşünje bermäge çalyşalyñ.
JYNSY HYJUWA TÄSIR EDÝÄN FAKTORLAR
Gan basyşyñ artmagy, pulsuñ we jynsy hyrujyñ herekete geçmegi, janyña jaý tapmazlyk, dem alyşyñ, tüýsüñ üýtgemegi görnüşinde ýüze çykýan "jynsy hyjuw" hadysalarynyñ jynsy gatnaşykdan lezzet almakda täsiri uludyr. Elbetde, "jynsy hyjuw" diýilýän bu hadysalara öz täsirini ýetirýän we güýçlendirýän faktorlar bardyr. Bu faktorlar näme? Olara düşünmäge çalyşalyñ. Munuñ üçin ilki hyjuwyñ (höwesiñ) nämedigini bilmek gerek.
Hyjuw - beýin we damar sistemalarynyñ işlemegi bilen baglanyşykly ruhy ahwalatdyr. Bu ýagdaýlaryñ döreýşinde we kadalaşmagynda beýindäki käbir merkezler bilen oñurga we damar mehanizminiñ ähmiýeti uludyr. Esasanam üç dürli hyjuw bolýar. Olar gorky, gahar we söýgidir. Hyjuwlaryñ hemmesiniñ-de energiýa döredýän we organizmi herekete getirýän täsirleriniñ bardygy mälimdir. Käbir psihologlar jynsy hyjuwy söýgi hyjuwyna baglanyşdyrýan bolsa, käbir psihologlar gahar hyjuwyna baglanyşdyrýarlar. Emma jynsy hyjuw iñ köp gaharlanma hyjuwyna golaýdyr. Hakykatdanam gaharly adamyñ özüni alyp baryşy bilen jynsy hyjuwy başyna çykanyñ özüni alyp baryşy biri-birine juda meñzeýär.
Hyjuwyñ nämedigini bilenimizden soñ jynsy hyjuwa täsir edýän faktorlaryñ üstünde durup geçeliñ.
1). YS :
Ys bilen jynsy hyjywyñ arasynda ýakynlygyñ bardygy gadym döwürlerden bäri belli zatdyr. Gadymy Müsüriñ şa zenany Kleopatranyñ ysly kosmetiki serişdeleri çalynmagy bilen birlikde bezenip-beslenmegine alty sagat gerek bolupdyr. Häzirki döwrüñ yzagalak taýpalarynyñ biriniñ ýaşaýan ýeri bolan Taiti adasynda ýaş zenanlar erkekleriñ jynsy hyjuwyny oýarmak üçin saçlaryna ysly serişderi, endamlaryna ysly ýaglary sürtýärler we jynsy islegi oýarmak üçim edýän bu işleri olaryñ ep-esli wagtyny alýar. Awstraliýada bolsa bu däp-dessur görnüşine geçip gidipdir. Awstraliýaly bir erkek ýassykdaşyny hyjuwlandyrmak islese "jeanjeta" atly bir ösümligiñ köküni we gabygyndaky şiräni tutuş endamyna sürtüp çykýar. Endamyna jeanjeta sürtülen erkegiñ der ysy bilen gatyşyp orta çykýan ysyñ netijesinde onuñ garşysyndaky partnýorynyñ jynsy islegi oýanypdyr. Gadymy döwürlerden häzirki günlere çenli käbir alymlar elýaglyga we içki eşiklere siñen we ýakymsyz ys bermeýän der ysynyñ birnäçe erkeke we aýala hyjuwlandyryjy täsir edýändigini belläp geçýärler. Şeýle hem gadymy hindi we hytaý siwilizasiýalary döwründe käbir gül yslarynyñ ýanynda müşk we menewşe ulanylýar ekeni. Bular häli-häzirlerem ulanylýar. Şol sanda parfýumeriýa önümçiliginiñ ýyl geldikçe kämilleşmegi we senagatyñ iñ düşewüntli pudaklarynyñ biri hasaplanmagy hem yslaryñ jynsy durmuşda möhüm rolunyñ bardygynyñ aýdyñ subutnamasydyr. Yslam dini ýakymly ysy aýala-da, erkege-de halal edipdir. Emma aýallara daşarda ysly serişdeleri sepinmegi gadagan edipdir. Munuñ sebäbi bolsa ýakymly ysyñ keseki erkeklerde jynsy pikir oýarmazlyk üçindir. Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
"Maña dünýäñizden üç zat söýdürildi: Göz aýdyñlygym namaz, ýakymly ys we aýal". ("Mişkatü'l-Mesabih", II-nji tom, sah.:669)
Pygamberimiz (s.a.w) hadyslarynda aýdyşy ýaly ýakymly ysy söýüpdir we ulanypdyr, ulanylmagyny-da ündäpdir. Munuñ sebäbi ýakymly ysyñ hem köpçüligiñ arasynda ýakymsyz yslary gidermekdäki artykmaçlygyndan, hem-de aýal-erkegiñ jynsy isleglerinde uly täsiriniñ barlygyndan gelip çykýar. Ýanýoldaşlary biri-birine ysnyşdyrjak her bir gowy zat dinimizde halal edilendir we hut Pygamberimiziñ (s.a.w) özi bu babatda ymmatyna görelde bolupdyr. Indi bolsa ys babatda aýala we erkege getirilen çäklendirmelerden söz açalyñ.
▶ Erkegiñ ýakymly yslary ulanmagy:
Jumga we Baýram namazlarynda, toý-dabaralarda erkekleriñ ýakymly yslary sepinmegi sünnetdir. Ýakymlu yslary sepinen erkekler üçin aýallaryñ bar ýerine gidip-gitmezlik barada hiç hili çäklendirme bellenilmändir. Ýakymly ys sepinende erkekler üçin ýekeje gadagan edilen zat bardyr. Erkege heleýsypat hereketleri gadagan eden yslam olara ýakymly ys babatda hem aýallara mahsus ýakymly yslary sepinmegi gadagan edýär. Ýala ibn Mürre (r.a) şeýle diýýär:
"Allanyñ Resuly (s.a.w) Ýalanyñ ýüzünde goýy reñkli ýakymly ysyñ yzyny görüp:
- Aýalyñ barmy? - diýip sorady. (Ýagny ýüzüñdäki yz saña aýalyñdan ýokuşdymy diýen manyda).
Ýala:
- Ýok, aýalym ýok, eý Allanyñ Resuly! - diýip jogap berdi.
Şol wagt Resulalla (s.a.w) şeýle diýdi:
- Öýüñe git, derhal bu yzy ýuwup aýyr. Gaýdybam munuñ ýaly ysly zady sepinäýmegin!" (Mişkatü'l-Mesabih K. Libas)
Görşüñiz ýaly, Resulalla (s.a.w) aýallara mahsus ýakymly yslary sepinmegi gadagan edipdir. Çünki aýallar mahsus islendik bir hereketi eden erkeklere Allatagala (j.j) nälet edipdir. Munuñ ýaly kişileriñ (heleýsypatlaryñ ýa-da heleý hereketlerine ýakyn durýanlaryñ) namazynyñ Allanyñ huzurynda kabul bolmaýşy ýaly, olaryñ jynazasyndanam perişdeler ýüz öwrermişin.
(Bellik: türkmen edebiýatynda, hususanam klassyky şahyrlarymyzyñ eserlerinde heleýsypat häsiýetli we hereketli erkekleri "Muhannes" diýip atlandyrylypdyr).
Netijede, düzüminde alkogol bolmadyk, goýy reñkli yz galdyrmaýan dürli ýakymly yslu serişdeler erkekler üçin halaldyr.
▶ Aýalyñ ýakymly yslary ulanmagy:
Yslam erkege bolşy ýaly aýala-da ýakymlu yslary sepinmegi halal edipdir. Emma ýaradylanda özüne meýil etdiriji artykmaçlyklary bilen ýaradylan aýal ýakymly yslary sepinenden soñra has hem artykmaćlyga eýe bolýandygy üçin, olara käbir çäklendirmeler goýlupdyr. Ol hem daşary (köçä we beýleki köpçülik ýerlerine) gidenlerinde ys, kosmetika, makiýaž we ş.m bezenip-beslenmeliñ gadagan edilmegidir. Yslam aýaly adamsyny özüne ymtyldyrmak üçin has hem özüne çekiji bolmaga çagyrýanam bolsa, keseki erkekleriñ gözünden gaça durmagy ündäpdir. Şonuñ üçinem aýal öz erkegine ymtylyşly görünmek üçin rugsat edilen her dürli jynsy hyjuwlandyrma usullaryny ulanmaga haky bardyr.
▶ Aýal aýbaşy döwründe-de ýakymly yslary sepinmelidir:
Aýal jynsy meýil edijiligiñ pese düşýän we aýbaşy ganynyñ ýaramaz ys döredýän wagtynda-da ýakymly yslary sepinibermeli, hatda şol wagtlar hasam arassaçylyga üns bermelidir. Netijede aýal öz erkeginiñ gözünde elmydama öz gymmatyny düşürmän saklar.