Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň käbirinde guramaçylyk meselelerine garady. Bu barada milli Liderimiz degişli Permandyr kararlara gol çekdi.
Şol resminamalar laýyklykda:
Abdymuhammet Begmyradowiç Aramow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Rejepalyýew Atamyrat Gurbandurdyýewiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Abdylla Bäşimowiç Annaberdiýew Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Didar Kakabaýewiç Nurmuhammedow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.