Alaçsyz söýgim....4-nji bölümi...(Bolan waka)
Beýle adama ynanan gyz hem dereksizdir,diýip elime dermanlary aldym.Birdenem telefonyma jaň geldi.Ol jaň hem Arslandandy...
Men bir salym,jañy almadym.Ol bolsa,şo:l yzyny üzmän jaň edýär.Men jañy görenimden,özüme gelip,agymy duzurmaga çalyşdym,ýaşlarymy süpürdüm.Gelýän jañyñ yzy üzülenokdy.Men ahyr köşeşip jañy aldym.
-Salam ezizim näme üçin jañyma jogap bereñok?
-Men señ eziziñ däl!
-Sen meñki dälmi näme Gözelim?
-Bilemok,indi seniñ Gözeliñ öldi.
-Näme,boldy,sesiñ gyryk gelýär,agladyñmy,näme bolýar saña?!Düşündirsene!
-Men hiç zady düşündiresim gelenok,men ölmek isleýän!
-Näme boldy,kelläñ üýtgedimi?Sen näme diýip dursuñ Gözel?
-Sen maña näme sebäpden öýlenmek islediñ,meni öldürmek üçinmi?
-Näme boldy,düşündirdä!
-Sen öñ öýlenipsiñ,maña näme bu hakynda aýtmadyñ?Ýa,şeýtsem meni alarn öýtdüñmi?
-Gözel saña ony kim aýtdy?Men hiç hili toý edemok ahyry!
-Meni unut indi,señ Gözeliñ öldi,ony sen gazandyñ!Bagtly bol!
Telefony öçürdüm.Elime dermanlary alyp içjek wagtym,gapydan ejem girdi.Men dermanlary elime gysdym.Ýene-de Arslan jañ edýär.Ejem jañy almagymy sorady.Men sesli aglap ejemi bagryma basdym.Käbämi gynandyrasym gelenokdy.Ýöne meniñ ýeke howandarym ejemdi.Alajym ýokdy.Ejeme ähli zady gürrüñ berdim.Ejem gynandyryjy bolup ýüzüni ezdi.Ejemiñ ýüregi awady.Ejem meniñ elimi gysyp berk sorady!
-Gyzymjan,men senden bir zat sorajak,maña menden geçip söz ber gyzym!
-Ejemjan,sen meñ barym,sen meñ dünýäm,saña şu ýaşyma ýalan sözläp göremoga käbäm!
-Gyzym seni Arslana berjekdäl!Ýöne,başgalara beremde ýüzüñi sallap yzyña gelmezmiñ gyzym?!Biziñ abraýymyzy garalamadyñmy?
-Ýo:k ejemjan maña Arslanyñ hiç hili eli degmedi.Allajan maña rehim etdi.Allaha söýgim meni namyssyz goýmady.Bilýän ýaly,Arslana durkumy bermedim eje,ynanaý maña!Señ ýüzüñi asla ýere salman!
Ejem buýsançly ýylgyrdy.
-Gyzymjan,saña ynanýan,sen meniñ ýekeje gyzyma!
Men ejemiñ begenjine goşulyp gitdim.Ejem Arslana jañ etdi.Gürleşdi.Men ejemiñ öñ beýle gaharly gürrüñlerini hiç hili eşitmändim.Men gözümi tegeläp galdym.Oña ite diýmezini diýip Arslan galan ömrüne meñ ýanyma gelmez ýaly boldy.Ejem meni köşeşdirip öz otagyna çykdy.Men dermanlary daşary zyñdym.Ejemi razy etmän,gidesim gelmedi.Sebäp,men ejemjana janym bilen söz beripdim.Ynamyny ödemelidim.Telefonymda Arslanyñ belgisini bloklap goýdum.Gije bir nätanyş belgiden jañ etdi.Alsam,ol Arslandy.Onuñ lapy keçdi.
-Salam Gözel!Birje minut öçürmäýdä haýyş edýän!
-Maña näme üçin jañ edýäñ?!Saña düşüniksizmi?
-Men ählisini boýnuma alýan.Men öñ öýlendim.Ýöne,saña söýgim päk!Men saña näme diýmeli bolsa-da diýjek,ýöne meni har etme!Men sensiz ýaşap bilmern Gözelim!
-Gözel öldi diýip hasap edäý!Indi men señki däl!
-Menem öljek sen bolmasañ maña-da durmuş gerekdäl!
-Maña seniñ durmuşyñ gyzykly däl!
Men telefony öçürdüm.Ol belginäm blok etdim.Men köp wagtlap hiç ýere çykman gezdim.Içim gysyp joram bilen bazara gitdim.Bu joram gaty bir akylly däldi.Onuñ ýanynda oglan bardy.Men bazarda olar bilen uzaklaşdym.Almaly zatlarymy alyp öýe pyýada ýöräp gelýärdim.Daş töweregi synlap,gulagyma nauşnik diñläp,ýöräp barýardym.Birden biri elimden çekdi.Men haýdap yzyma seretsem,Arslandy.Zähräm ýaryldy.Men tasap elimi çekdim.
-Men saña näme diýseñem,öýlenern!
-Maña golaýlaşma, häzir seni masgara edern!
-Bolýar men gidýän ýöne saña öýlenern!
-Arzuw et!
Men öýüme girip gitdim.Ýüregim çalt,çalt uryp başlady.Men indi hiç ýere çykmajagma öz-özüme söz berdim.
Aradan 1 hepde geçdi ejem-kakam bilen jigimi alyp Guşkydaky daýylaryma toýa gitdi.Men öýde galdym.Indi toýa gitmekdenem gorkýardym.Naharlanyp otagyma geçdim.Hiç uklap bilmedim.Telefona güýmenip uklap galdym.
Ýatyrkam biri meniñ boýnuma elini oklan ýaly boldy.Tisginip,gözümi açdym...Garañky bolansoñ añşyryp bilemokdym.Telefonyñ çyrasyny ýakdym.Bir seretsem,pişigim myrlap ýatyrdy.Men gorkup ýatyp bilmedim.Agym tutup bokurdagym doldy.Aglap-aglap dañymy atyrdym.
-Wah,meniñ alaçsyz söýgim meni ne günlere goýdy.Beýle duýgulardan nädip saplanyp bilerin?!Meniñ göwnüme,menden Arslan närazy ýaly.Günde şol bir gün,tussagda saklanýan ýaly 4 diwarda gezmeläp ýördüm.Telewizor açsamam syn edip bilemok,telefonymam oýnasym gelenok.Men bar zatdan doýgun bolup başladym.Howada gezýän ýaly huşumy ýitirdim.Kim näme diýse,doly diñläbem bilemokdym.
Men içim gysyp oba gitýän.Şol oba durmuşa çykan joramlara,ondan-mundan sorap öýüniñ salgysyny alýan.Köçä girsem bir giden palata gurnalan giden märeke ýas baglap otyrdy.Men şol tarapa ýöredim.Seretsem,Arslanyñ tabydyny göterip uly maşyna mündürip barýarlar.Yzyndaky jigileri,ejesiniñ gygyryp agysysyna tisginip turdum.Tursam,suw-sil bolupdyrn.Düýşüm eken.Arslany şunça ýigrensemem ölümine döz gelip bolanok eken.Men hakykatdanam dogrumyka diýip gorkdum.Ertesi jorama jañ edip,düýşümi gürrüñ bersem,jak-jaklap güldi.
-Ondan kän zat barmy diýsene gyz!
Meniñ agyr ýüküm ýeñledi.Şol günem Arslan maña jañ etdi.Telefonda çala sesi geldi.
-Gözel haýyş edýän,meniñ ajalym golaýlaşýar.Seni birje gezek görüp gidäýin Gözel!
Onuñ agysyna ýüregim dözmedi.Men razy boldum.Ol meni şähere çagyrdy.Meniñ üçin kynam bolsa,barmaly diýen netijä geldim.Bar zadam şoñ ýanyna baramsoñ başlandy...
Dowamy bar...