15.12.2021
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen berkarar döwletimiz ykdysady taýdan uly ösüşleri başdan geçirýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine çykmagyň iki ugruny — bagtyýarlyk döwrümizde ägirt uly gazananlarymyzy we halkymyzyň öz geljegine ynamly garamaga mümkinçilik berýän ykdysady we ruhy goldawy birleşdirýär.
Düýpli özgertmeleriň netijesinde amala aşyrylýan işler milli ykdysadyýetimiziň has-da ösmegine we ynamly öňe gitmegine ýardam berýär. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň, önümçiligi ösdürmegiň ileri tutulmagynyň, oýlanyşykly maýa goýum syýasatynyň netijesinde içerki önümiň ösüş depgini has-da ýokarlanýar. Gurluşyk işleriniň giň gerime eýe bolmagy bilen, şäherlerimiziň, şäherçelerimiziň, obalarymyzyň keşbi düýpgöter özgerdi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da gowulanýar. Döwlet tarapyndan ilata uly durmuş ýeňillikleri berilýär, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle hem salgyt ulgamy kämilleşdirildi, telekeçilik işini bellige almagyň we ygtyýarlandyrmagyň tertibi ýönekeýleşdirildi. Oba hojalygy, ulag, aragatnaşyk, informasion tehnologiýalary, dürli innowasiýalary ornaşdyrmak we ulanmak, köp görnüşli hyzmatlary ösdürmek ýaly ulgamlarda kiçi we orta telekeçilige ýeňillikli esasda karz berilmegi ýurdumyzda işewürligiň ösmeginde möhüm orun eýeleýär. Bularyň hemmesi Diýarymyzy gülledip ösdürmäge, adam hakyndaky alada gönükdirilendir
Atamyrat Ýazmyradow
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby.