Internet garalama
Hekayalar, türkmen dilinde
Главная » 2017 » Декабрь » 25 » Cagyrylmadyk myhman (Mistiki hekaya)

Otagyň içi tümdi we çygdy, daşarda ýagyş ýagýardy. Daş töwerekden palçyk bilen öl otlaryň ysy gelýärdi. Giçlik başlan ýagyş entegem diňmändi. Wagyt bolsa eýýäm daňdana ýakyndy. Jemal ýatan ýerinden gymyldaman başyndan sypan ýaglygyny gözläp tapdy, we düwinini çözdi. Täzeden daňmaga taýýarlap epledi, we baş ujynda goýdy. Aýagy bilen itişdirip dyzyndan geçen köýnegini düzetdi, howwa, ol ýerinden turasy gelenokdy. Jemal bir gorkynç düýşden oýanypdy, ýöne düýşinde gören zatlary öldür ýadynda düşenokdy. Düýşler bilen köplenç şeýle bolaýarda, ýassykdan başyňy galdyrdygyň ýeterlik, gören zadyň eýýäm ýadyňda ýok. Jemal ýerinden turdy, çagalaryna seretdi, otagyň içinde 3 sany ogly edil nyzama çykan esgerler ýaly bir hatara düzilip ýatyrdylar. Ejesine iň golaý mydama körpe ogly ýatýardy. Oň aňarsynda bolsa ortanjy ogly, we ejesinden iň daşda uly ogly. Jemalyň ogullarynyň ýatyş tertibi bilen olaryň ene mährine mätäçligi gabat gelýärdi. Howwa, körpe entek kiçidi we ejesini gujaklamasa ýatyp bilenokdy. Ortanja känbir parhy ýokdy, eje barmy, ýa-da eje ýok. Iň uly ogly bolsa eýýäm ýetişipdi. Jemal oň bilen bir otagda ýatmagy eýýäm bir hili görýärdi. Ýöne uly ogly gapyň öňünde ýatmasa Jemal arkaýyn ýatyp bilenokdy. Otagyň çyrasy sönse ýeterlikdi, hamala gapydan bir elhenç adam girip gelýän ýalydy. Gapyň ýanynda uly ogly ýatsa welin edil beýle gorkynç däldi. Jemal barybir ýatyp bilmejegine göz ýetirip penjiräň öňine bardy, daşaryk seretdi. Daş töwerek edil gaýykda ýüzibermeli bolupdyr. Bar ýer suwa gark bolup ýatyr. Jaýyň öňüne bir gowy adam 5-6 sany kerpiç oklaşdyrypdyr. Jemal ertir irden şol keripçlere basyşdyryp işe gidişi göz öňüne geldi. Sen häzir ýatmasaň ertir uzakly gün irkilip geçersiň, —ol öz özine käýedi, ýöne peýdasy ýokdy. Ol gyz ýagyşly howany gowy görýärdi. Ýagyşly howa oň ýatlamalaryny ýuwýardy. Diňe ýagyşly howada durmuşyň ajy ýatlamalary azajyk ýakymly ýaly bolup görünýärdi. Jemal aýnaň çygynda bir gyzyň suratyny çekdi. Soň çetgi aýnada bir oglanyň suratyny çekdi. Iki suratyň aralygynda boş galan aýnada bolsa bir bada 3 sany oglanjygyň suratyny çekjek boldy, ýöne pikirini üýtgetdi. Suratyň ýerine bäş barmagy bilen ýokardan aşaklygyna syrdy, soň edil şeýle usul bilen sagdan çepe syrdy. Ortaky aýnada gözenege meňzeş şekil emele geldi. Edil şol wagyt jaýyň öňünde bir oglan göründi. Ýaş oglan bir ýerlerden peýda boldy we jaýyň öňünde saklandy. Dogrysy oň ýaşdygy garrydygy jemalyň duran penjiresinden görnenokdy. Ol oglan ýagyşly howa garamazdan dimdik durdy, şonyň üçin oňa ýaş oglandyr diýip Jemal çaklady. Oglan azaşan syýahatçy ýaly daş töweregine garaýardy. Ol belli bir jaýy gözleýän bolmaly, —çaklady Jemal. Ýagyş bolsa dynman ýagýardy, ýöne näme üçindir aşakda duran oglan ýagşa ezilmedik ýalydy. Oň eşikli gury ýaly bolup görünýärdi. Belki ol şu wagytjyk maşyndan düşendir? Eger şeýle bolýandada oňa eýýäm ezilerçe wagyt bolypdy. A belki oň eşiginiň dikilen matasy şeýledir? Näçe suwa ezilsede ezileni bildirýän däldir? Ýa-da 4-nji gatdan seredip duran Jemalyň gözlerine ol ezilmedik ýaly bolup görünýändir? Jemal bilenokdy, ol öňe çiňňerilip oglana gowja synlady. —Sen haýsy saçy-kesilen üçin ezilip ýörsüň oglanjyk, —Jemal çalaja pyşyrdady. Öz uly oglynyň bir gyz üçin ýagyşda garda kösenip ýöreni göz öňüne geldi. Jemalyň pikirne görä şeýle çagbada we şeýle wagyt (daňdan) erkegi öýden diňe gyz çykaraýmasa başga çykaryp biljek güýç ýokdy. Aşakda duran oglan Jemalyň pyşyrdysyny eşiden ýaly birden ýokaryk bakdy. Edil Jemalyň duran penjiresine, 4-nji gata seretdi. Jemal yza gaýyşdy, okdan bukulýan esger ýaly aşak egildi. Soň ol esger öz bukulýan ýerinden howlukman daşyna jyklady. Oglan entegem şol duran ýerinde dur we entegem Jemalyň penjiresine seredýär. —Allahjan, ol meni görýämikä şu wagyt? —pikirlendi Jemal. Oglan görýämi görenok belli däldi, ýöne ol barybir Jemmallaň penjiresine seredýärdi. Soň bolsa oglan ýüpden boşan it ýaly birden ýerinden sogryldy. Jaýyň öňünde goýylan kerpiçlere aýagyny degirmän jaýa girip gitdi. Ýöne oň aýagy suwyň içine-de batmady. Ol hamala suwyň ýüzünden ýörän ýaly boldy. —Ol kimlere geldikä? —Jemal içini gepletdi, we öz jaýynda ýaşaýan gyz gelinleri ýada saljak boldy. —Indi ýatmasaň sen ertir işde tamdyra gaçarsyň, —Jemal öz özine ýene käýedi we ýerine geçjek boldy. Ol irden 6-da turmalydy, bu wagyt sagat eýýäm 4 bolup barýardy. Jemal ýatmaka çagalaryna göz aýlady. Uly oglynyň gujagyndan ýassygy alyp, ortanjy oglynyň başynyň goýdy. Uly ogly öz söýgülsini ýitirip bir zatlar samrady. Soň üstine ýapylan ýorgany dolap dürläp gujaklady we bir gyzyň adyny tutdy. Jemal ol gyzy tanaýardy. —Gör sen kim bilen gijelerne ýatman telefona gürleşýäň, —Jemal pyşyrdady. Edil şol wagyt Jemmalaň gapysy kakyldy. Laýyk üç gezek, barmaklaň süňki bilen tyrk tyrk tyrk. Hamala örän çekinjeň oglanjyk öz söýýän gyzynyň gapysyny kakýan ýalydy. Jemal daş töweregine seretdi, bir bada gulaklaryna ynanmady. Ýöne barybir sessizje ädimler bilen daşky otaga çykdy, gapa düňşirgendi. Gapyň aňarsynda adam bara meňzänokdy, näme diýseňem aňarsynda adam duran gapy bilen, hiç kim ýok gapyň tapawudy bardy. Gapy ýenede kakyldy, ýöne bu gezek eýýäm 4 sapar, tyrk tyrk tyrk tyrk, ýenede barmagyň süňkleri bilen. Jemal içine howa çekdi, oň ýüregini birden gorky basdy. Egnindäki köýnegi ennamyna çümýän ýaly bolup göründi. Daňdan turaýmaka gören düýşi ýadyna düşdi. Ol düýşdi bir elhenç adam öýe girjek bolup oň gapysyny kakýardy, urýardy, bir zatlar söwýärdi we gargaýardy. Gören düýşi oň gorkysyny güýçlendirdi. —Allajanlarym, kimkä daňdan gapyny kakýan? —pikirlendi Jemal. Ýöne "sen kim" diýip soramaga milt etmedi. Sebäbi ol gürlese öýde adamyň bardygyny aňladýardy. Gapyny kakýan kimem bolsa goňşylaryň biri däl. Goňşylaryň barsyny Jemal gapy kakyşyndan tanaýardy. Onsoňam beýle wagyt goňşylar hökman öňünden jaň edip gelerdiler. Aram aram şeýle bolýardy, käbir goňşylar gije gyzdyrýan çaga derman, ýa-da başga bir zat sorap gelip bilýärdiler. Ýöne olaryň bary gelmezden öň hökman jaň edýärdiler. Jemal aýagynyň ujynda gapa haýaljakdan ýakynlaşdy we "glazokdan" daşyna seretdi. Gapyň öňi boş, hiç kim ýok, diňe garşydaky goňşyň süýt reňk gapysy görünýär. —Kimem bolsa gidipdir öýdýän? —diýip Jemal arkaýynlaşdam welin gapy ýene ýumruk bilen kakyldy. Has dogrysy ýumruk bilen uruldy. Jemal yza towusdy, köýnegine büdräp ýykyldy. Edil şol wagyt gapyň aňarsynda duran kimem bolsa, gapyň tutawajyny 3-4 gezek aşak ýokaryň oýnatdy. Hamala şeýle etse gapy açylaýjak ýaly. Jemal agzyny eli bilen ýumup sessiz gygyrdy. Ýaňja jaýyň aşagynda duran oglan ýadyna düşdi, ol şol bolmaly, ol öýine içgili gelen goňşylaryň biri bolmaly. Meň ýoldaşymyň ýokdygyny bilip meni gorkyzýar, —pikirlendi jemal. Ýok, ol goňşy däl, goňşy bolan bolsa men ony hökman tanardym. Ol bärde ýaşanok. Ol meni penjireden gördi, şoň üçin ýokaryk galdy. Ol meň ýeke ýaşaýanymy bir ýerlerden bildi, äri bar gelin gijäň ýary penjireden daş töwerege seretmez diýip pikir edendir. —bir birinden samsyk pikirler hamala çapyşyga göýberilen atlar ýaly bir biriniň öňüni alyp Jemalyň kellesinde eýläk beýläk çapýardylar. Jemal otyran ýerinden birje ses çykarman gapyň aňarsyna diňşirgendi, ses-üýn ýok. Eger gapyň aňarsynda duran çagyrylmadyk myhman giden bolsa oň aýak sesleri eşidiläýmelidi, ýöne Jemal hiç hili aýak ses eşitmedi. Jemal otyran ýerinden ýene az salym garaşdy. Hiç hili ses çykmady. Soň ol seresaplyk bilen ýerinden turdy, aýagnyň ujynda gapa ýakynkaşyp ikinji gezek "glazokdan" seretdi. Ýene gapyň öňi boşdy, hiç kim ýok, diňe garşydaky Dursun daýzalaň süýt reňk gapysy görünýär. Kimem bolsa gitdi öýdýän, —pikirlendi Jemal. Edil şol pursatda gapyň tutawajy haýaljakdan aşaklygyna ýöredi we iň soňky nokada gelip doňdy. Jemal ony görüp yzyna ylgady, bu gezek ol ýykylmady, ýykylar ýaly hem däldi. Oň bedeni edil ýüpek ýaglyk ýaly ýeňledi. Ol iki bökende çagalarynyň ýatan jaýyna ýetdi. Jaýyň agzyndan daşky gapa seretdi, otagyň tümünde zordan görünýän agaç reňk gapyň tutawajy 5-i görkezýän sagadyň dili ýaly aşak seredip durdy. Ony gapyň aňarsynda duran haramzada eli bilen saklap duran bolmaly? —Ýene Jemalyň kellesinde 1000 dürli pikirler edil bagdan göterlen serçe sürüsi ýaly eýläk beýläk uçyp başladylar. Nämede bolsa bir zatlar etmeli, bolmasa men häzir dällireýän. Bu düş, bu düýş, gorkynç düýş, başgaça bolmaga haky ýok. Men häzir oýanaryn. Men şu wagyt ýerimde ýatyp düýş görýän. Birne jaň etmeli, birni çagyrmaly, ýöne kimi çagyrmaly, milisiýany çagyrmaly, ýöne olara näme diýmeli? —Jemal gapyň gaňyrylgy duran tutawajyna seredip öz pikirlerini samraýardy. Uly oglymy turuzmaly, ýok turuzmaly däl, ol hem men ýaly gorkar. Men eýýäm uly adam, maňa näme bolsada zyýany ýok. Ýaş çagaň ýüreginde gorky galsa gowy däl. Birne jaň etmeli, goňşylaň birne jaň etmeli. Dursun daýza jaň etmeli. Ol Namaz okaýar, ol eýýäm turandyr. —Halasgär pikir duýdansyz geldi. Jemal daşky jaýda duran telefona seresaplylyk bilen ýakynlaşdy. Ol gapdala ýöresede gözi gapyň tutawajyndady. Tutawaç bolsa şol gaňyrylgy durdy. Aňyrsoňy telefona ýetip Jemal diwara söýenip ýere çökdi. Gözini gapa dikip Dursun daýzalara aýlap başlady. —Daýza, daýza, —pyşyrdady Jemal. Daýza meni bagyşlaň şeýle wagyt jaň edýänime. —Nämäň wagty gyzym? Siz ýaşlar gün al asmana çykynça ýatyp öwrendiňiz. Adamlar eýýäm ördi. Jemal daşky jaýyň diwarynda asylgy dyran sagada seretdi. Tümiň içinde zordan sagadyň dillerini saýgardy. Sagat eýýäm 5-iň ýarydy. —Daýza men öler ýaly gorkýan. Bir haramzada alkaş meň gapymy oýnaýar. Kakyp gaçyp gidýär, gapyny açýan hiç kim ýok, —Jemal gapyň tutawajyndan gözini aýyrman gürledi. —Aklaw bilen kellesine beräýmeli ekeniň meýdiň, —Dursun daýza hüňürdedi. —Daýza şu wagyt ol meň gapymyň ýeňsesinde dur. Men glazokdan seretsem hiç kim ýok. Ol aşak egilip durmuka diýýän. Eger kyn görmeseň daýza öz glazogyňyzdan seredäýiňdä, kim dur meň gapymyň aşagynda. Dursun daýza hiç zat jogap bermedide telefony goýyp göýberdi. Ýöne goýaýmaka telefonda "Bolýa" diýen söziň birinji 3 harpy eşidilen ýaly boldy. Dursun daýza bilen Jemalyň arasy gowydy. Entek Jemalyň çagalary kiçi wagty olara Dursun daýza seredýärdi. Gapy ýene kakyldy, ýöne bu gezek el bilen dälde başga bir gaty zat bilen. Jemalyň eli aýagy sandyrap täzeden Dursun daýzasynyň belgisini aýlap başlady, ýöne soňky iki belgini aýlamaka saklandy. Sebäbi gapyň aňarsyndan tanyş ses eşidildi. —Jemal gyzym, açda gapyny. Hiç hili şübhesiz, gapyň aňarsyndan gelýän ses Dursun daýzaň sesidi. —Häzir daýza, —gygyrdy Jemal we gapa tarap ylgady. Gapa ýetäýmäke gaňyrylgy duran tutawaja gözi düşdi, ol tutawaç Jemalyň göziniň arynda öz ýerine ses edip gaýdyp bardy. Hamala ol häliden bäri yzyna dyzap duran ýaly. Jemal azajyk sägindi, çalaja gorkdy. Ýöne barybir gapyny açmaka ätiýaçdan "glazokdan" seretdi. Dogrydanam Dursun daýza, ýöne elinde bir zatlar bar. Gapyň aňarsynda daýaw semiz aýal peýda boldy, Jemal ilki bilen oň eline seretdi, daýzaň elinde edil özi ýaly daýaw uzyn aklow bardy. Daýza salamlaşyp öýe girdi. —Çyraňy bir açsana Jemaljan, ömrüňi tümde geçirjek sen, —diýdi Dursun daýza we Jemala garaşman aklawyň ujy bilen çyrany özi açdy. —Hany ol alkaş? —Dursun daýza haýbat bilen sorady. —Seni görüp gaçan bolaýmasa daýza, —Jemal ýylgyrdy. Bimaza edenim üçin bagyşlaň, men çyndanam gorkdym. —Zyýany ýokla gyzym, goňşylar şular ýaly ýerde gerek. Sen şuny alyp gal, —daýza aklawyny görkezdi. —Ýokla daýza gerekdäl, meň özimdede bar aklow. —Seň aklawyňy gördükle, pak agaçdan ýasalan. Meňkä seret, agyrja, degäýse maýyp etjek. Gapyny açda kellesine ber kim gelse. Dursun daýzaň sözlerine Jemal ýylgyrdy. Daýzany diňleseň bar zat aňsat, bar zat ýeňil. Gapyny açýaň we kellesine berýäň, ýöne gapyň aňarsynda hiç kim ýok bolsa näme etmeli? —Ýogsada men daýyň hasasyny getirip bereýin, üzim agajyndan ýasalan, degäýse göni bir ýeriňi döwýär.. —Ýokla daýza, gerekdäl hiç zat, —diýdi Jemal. —Bolýa onda gyzym, men Namazymy okaýyn, daýyňa çaý bereýin, ýene bir sagatdan aýlanaryn, sen hiç zatdan gorkma. Eger gorksaň göni maň jaň et. Men indi ýatmaryn, —diýdi daýza we gapa tarap ýöredi. Jemal alyp galasy gelmesede Dursun daýza barybir aklawyny gapyň ýanynda söýäp gitdi gitdi. Aklawdan näme peýda, eger ýüregiň towşanyň ýüregi ýaly bolsa, —pikirlendi Jemal. Dursun daýza öz süýt reňk gapysynyň aňarsynda ýitip ýitmän Jemal öz gapysyny howlukmaç ýapdy, ähli gulplary towlady. Öz ýerine geçjek bolup ýaňybir ýerinden bytnady welin gapy ýene täzeden üç gezek kakyldy. Jemal ýuwudyndy, aýaklary bagyň kökleri ýaly ýere bitdi. —Dursun daýza yzyna aklawyny almaga gelendir, belki ertirlige öz agtyklaryna gutap edip berjekdir, ýa-da daýymyň üzüm agajyndan ýaslan hasasyny getirendir, ýa-da başga bir zat üçin gelendir, —Jemal pikirlenip başlady. Gapyň aňarsynda Dursun daýzaň duranyna öler ýaly ynanasy gelýärdi. —Dursun daýza sizmi, —seslendi Jemal. Ýöne sorasada Jemal bilýardi, gapyň aňarsynda duran Dursun daýzada däl Dursyn daýam. Ol başga bir adam, Jemalyň huýalynda ýaşaýan elhenç adam. Şol adam, haçanda öýde çyra öçende mydama garaňky gapydan ine ine giräýjek bolýar, jyklaýar. Diňe uly ogly gapyň öňünde ýatan wagty ol çekinýär, jyklamaga gorkaýar. Ony turuzaýsammykam, —pikirlendi Jemal. Belki öýden oglanyň sesi çyksa ol gider? Ýöne bu hem ýaramaz pikirdi, birden ogly hem edil özi ýaly gorksa näme? Jemalyň şu güje gazanan gorkysy ömrüň soňyna çenli gapyň ýanyna gijelerne ýeke barmaz ýaly boldy. Jemal içini gepledip duran wagty gapy ýene 3 gezek kakyldy. Jemal görlerini ýumyp dişlerini gysdy. Gorky iň soňky nokadyna ýetdi, gorky Jemalyň ennam janyny edil ýüp bilen baglan ýaly baglady. Ýene azajyk we gorky sary suw bolup iki aýagyň arasyndan ýere guýyljakdy. Iň soňynda şeýle hem boldy, gorky daşyna çykdy. Aýaklardan aşaklygyna ýyly bir zat akyp gitdi. Jemal bilen öň hiç haçan beýle bolup görmändi. Utanç ýigrenç we gahar bir bada Jemalda jemlendi. Gorky az wagytlyk hem bolsa ol üç duýgyň öňünde yza süýşdi. —Beset meni gorkyzmaňy, kim sen haramzada? —Jemal gygyrdy, ol indi hiç zatdan gorkanokdy. Gapyň edil agzyna baryp Dursyn daýzaň galdyryp giden aklowyny eline aldy we gapa bir iki gezek urdy. —Sen häzir gitmeseň men milisiýany çagyrjak alkaş meýit. Gapy bir bada ejiz gyzyň haýbatyndan gorkan ýaly hiç hili ses çykarmady. Az salym dymdy we iň soňynda öz arzyny aýtdy; —Jemaljan, —gapy pessaý gürledi. Göýber meni öýe. Sesi eşidip birinji bilen gözler diýen etmedi, olar gözýaşlaryň derdinden gamaşyp ýaşlady.Eller hem edil şol pursat döniklik etdi. Dursun daýzaň gürzüsi ses edip ýere gaçdy. Gapyň aňarsyndan gelýän ses köne tanyş sesdi, ol ses bir näçe ýyl mundan öň, ençeme gowy we erbet sözleri aýdypdy. Ol ses bir wagytlar köp zatlary söz beripdi we Jamaly aldapdy. Ol sesiň eýesini Jemal hiç wagyt gapymdan salmaryn diýip ant içipdi. Ol ses şu wagyt gapyň aňarsynda durmaly däldi. Ol ses şu wagyt uzak uzak ýerlerde, 7 gulpyň aňarsynda bolmalydy. Ýöne nähili bolsada ol ses şu wagyt Jemalyň gapysynyň aňarsynda durdy. —Sen, —gygyrdy Jemal. Sen haramzada meni däldiretjek bolýaňmy? Öňki edenleriň az ýaly haram meýit, —we başgada bir giden gyzyň agzyndan çykmaly däl sözler eşidildi. Jemal yzyny üzmän 5-10 minutlap söwündi, geçmişi ýatlady we gelejegi pallady, gargady, sesiň eýesini kowdy we urmak üçin ýanyna çagyrdy. Ýöne bar zat ýapyk gapyň aňarsynda bolup geçdi. Iň soňynda Jemalyň sesi gyryldy, ol söwüp ýadady we ýere çökdi. —Göýber meni öýe Jemal, men çagalarymy göresim gelýär, —diýdi gapy, ýenede şol dünýeden doýan pessaý sesi bilen. Hamala Jemalyň agzyndan çykan sözler özine degişli bolmadyk ýaly. —Bu indi seň öýüň däl, —diýdi Jemal. Seň öýiň başga ýerde, sen ony gowy bilýäň. —Howwa bilýän, —diýdi gapy. Men çagalarymy görmäne geldim. Men göýber, onsoň sen meni hiç wagyt görmersiň. Jemal gapyny açyp myhmany öýüň içine göýberesi geldi. Goý ol görsin, görüp gözi gitsin, goý bilsin, Jemal onsyz hem ýaşap bilýär. Jemala hiç zat bolmady, ol ýitmedi, köçede galmady. Sen bolmasaňam men gowy ýaşaýan, —diýesi geldi oňa. Şol pikir bilen bilelikde Jemal gapyň aňarsynda duran adamyň sypatyny göresi geldi. Oň sypaty horaşan bolmalydy, saçy syrylan, agzynda dişleri ýok, öýsiz it ýaly hor we tussaglaň geýiminde. Jemal ýerinden turup "glazoga" gözini goýdy. Az salym eglenip, çalaja çepe saga gyşardy. Soň bolsa täzeden möwüç alyp ýene söwünip başlady; —Sen nirde bi-gaýrat? Görün gözime, nirä bukuldyň, sypatyňdan utanýansyň, saňa türmede men ýaly sereden ýokdyr. Yzyňdan ejeň baraýmasa bara adamam galmady. Haramzada, —we ýene ondan beterräk sözler gapa tarap naýza bolup okdyryldy. —Men indi türmeden boşadym, —gapy ulydan demini alyp gürledi. Men indi bar zatdan boşadym. —Ýalan sözleme, güldi Jemal. Sen ýene 2 ýyldan boşamaly, sen türmeden gaçansyň. Men aýtdyma saňa ýykylan güniň ýene meň ýanyma gelersiň diýip. —Howwa, sen aýtdyň, —razylaşdy gapy. Indi meni öýe göýber, men iň soňky gezek çagalarymy görsem bolýar, soň hiç wagyt bu ýerlere gelmerin, —diýdi gapy. Jemal çagyrylmadyk myhmany näçe kowsada, oň giderini çyny bilen islänokdy, oň ýalbaryp ýer bolaryny isläýärdi. Goý ol it bolup ýalbarsyn, Jemalyň her bir aýdan sözini eşitsin, utansyn, namys etsin. Diňe şondan soň belki Jemal ony öýe az salymlyk göýberer. Ýöne çagalaryny turuzmaga ýol bermez, ol ala-garaňkyda çagalaryna daşdan sereder we Jemalyň adatdan daşary geçirimliligine minetdar bolup, öýden çykyp gider. —Seni öň çagalaň gyzyklandyranokdy, indi nirden beýle aladaçyl boldyň? —Men üýtgedim, —ýene şol bi-parh ses bilen gapy jogap berdi. —Ýalan sözleme, sen türmeden gaçdyň, ertir gün ýaşmaka seni Miliseler sorap gelmeseler meň zat bilmedigim. —Howwa, ertir çyndanam meni sorap geler. —Sen türmeden gaçanyňy boýun alýaňda onda, —Jemal edil jedelde ýeňen çaga ýaly begendi. —Howwa, boýun alýan. Eger sen şeýle düşinesiň gelse boýun alýan, —razylaşdy gapy. Indi men öýe girsem bolýarmy? —Ýok, —kesdi Jemal. Bolanok, bu öýe seň birjede goşandyň ýok. —Ony özim bilýän, eger goşandym bolan bolsa seň gapyň meni saklap bilmezdi. Eger öýüň içinde maňa degişli birje zat bolan bolsa, seň gapyň meni saklap bilmezdi. —Howwa, öýüň içinde saňa degişli hiç zat ýok. Men seň bar goşlaryňy otladym. Eşikleň eýýäm uly oglyňy bolýanam ýalydy, ýöne barybir men olaram otladym. Seni ýatladýan bar zatlary men otladym, ýakdym —Jemal hamala gowy iş eden ýaly öwündi. Uly oglyň saňa ölendir öýdýär, galan iki oglyň sen barada hiç hili soragam berenok, —Jemal dowam etdi. Myhmany kemsitmäge başga sözler galmady, şoň üçin ol ýok zatlary oýlap tapyp başlady. —Kiçi oglyňy men başga kişiden dogurdym, ol seň oglyň däl. —Ýalan, —diýdi gapy. Çagalaryň üçisem meňki. —Dogyran menä olary, men gowy bilýandirinä, —güldi Jemal. Oň bu sözine gapy hiç zat jogap bermedi. —Uly oglyň seň öleniňi eşidip begendi, galan ikisi seni ýatlanogam hamala sen ýagty jahanda hiç wagyt dogmadyk ýaly. Söziniň soňynda Jemalyň damagy doldy, ol ýenede aglap başlady. Aýdan sözleri myhmanyň göwnine degmelidi welin, näme üçindir oň öz göwnine degdi. —Bolýada, —diýdi myhman. Sen meni çynyň bilen güýberjekdäl öýdýän. Göýbermejegiňi bilýädimem welin, ýöne ykbalyň ýolary egri, iň bolmanda seň sesiňi eşderin diýip gaýtdym. —Seň bilen gürleşmelem däl welin mendä, ýüregiň ýuwkada, —Jemalyň keýpi göterlip başlady. Sebäbi ol şeýle sahnany eýýäm ençeme ýyllap öz hyýalynda aýlap ýördi. Indem arzuwy hasyl boldy. —Men gitmeli Jemal, wagyt azalýar. Häzir gün dogmaly. —Waheý, çaý içip git diýäýjekdim, —Jemal ýaňsaldy. Gapy oň sözlerine çalaja ýylgyrdy. Oň ýylgyrýany gürleşinde eşidildi; —Sen birjigem üýtgemänsiň, şol öňki Jemal. —Howwala, ýöne saňa duşmakam has şadyýandym, sen meni soldyrdyň. —Howwa, soldyrdym, ýöne sen meni eýýäm bagyşladyň. —Ýok bagyşlamok. —Bagyşladyň, edil şu wagyt bagyşladyň. Seň ýüregiň aýdyp dur. —Ýalan sözleme, meň ýüregim saňa hiç wagydam aýan däldi. Sen meni tanaňok haramzada. —Nähili bolandada meň eýäm wagtym boldy. Men gidýän. Edil şol wagyt gapyň daşynda gün dogan ýaly ýiti şöhle peýda boldy. Şöhle gapyň aşagyndan, ýokarsyndan we glazokdan öýüň içine urýardy. Jemal näme bolýanyny görmek üçin glazokdan seretdi. Ýöne şöhle oň gözlerini gamaşdyrdy. —Dur aý oglan, çagalaryňy görjekdiňä, —gygyrdy Jemal. Ýa-da eýýäm pikiriňi üýtgedäýdiňmi? Ol çyndanam oglany bagyşlapdy. Gapyň aňarsynda ýene azajyk saklap ony öýe göýberjekdi. Ýöne gapyň aňarsy eýýäm ýuwaş ýuwaşdan boşaýardy. Birden peýda bolan şöhle edil güniň ýaşyşy ýaly ýuwaş ýuwaşdan peselýärdi. —Wagyt boldy Jemal, —ýene dünýeden doýan ses pessaý eşidildi. Jemal howlukmaç gapyny açjak boldy, ýöne dönik gapy Jemaly daşyna göýberesi gelmedi. Gulpyna bir zatlar bolupdy. —Dur aý oglan, azajygam bolsa dur. Men häzir gapyny açaýyn. —Ýok, gapy seni goraýar, ol indi men gitmesem açylmaz Jemal, —diýdi pessaý ses. —Bolýa, açylmasa açylmasyn, ýöne gapyň öňüne geläýdä, men seni göresim gelýär. 6 ýyl boldy görmedigime, —diýdi Jemal we gapa gözini diredi. Gapyň daşyndaky şöhle eýýäm sönmäň bär ýanyna barypdy. Bu gezek gapyda dogrydanam bir oglan göründi. Sönip barýan şöhle şol oglandan gelýärdi. Ýaş oglan, ynanjaň çaga ýaly ýylgyrýar. Şol ýylgyryşa Jemal 17 ýyl mundan öň aldanypdy. Hamala wagyt ol oglana hiç-hili täsir etmedik ýaly. Şol eşikde, şol sypatda, şol diýen etmeýän gara saçlar. Jemalyň ykbalyny maýyp etjeginden birjede nyşan ýok. Jemal ýene täzeden gapyny açjak boldy, ýöne bary biderek. Gapy ony daşyna göýberesi gelenokdy. Gulpy döwülen ýaly hiç tarapa aýlanasy gelmedi. Jemal näme etjegini bilmän gapyny eli bilen urup başlady. Oň ýüreginde bir zatlar üýtgäpdi. Gapyň aňarsynda hiç wagyt dogmajak gün ýaşyp barýan ýalydy. Şu wagyt bir zat edip daşyna çykmaly, bolmasa soň giç. Ýöne gapy jadylanan ýaly açylasy gelmedi. —Bary biderek Jemal, öziňi köseme —gapyň aňarsyndan ses geldi. Jemal gapyny urmasyny goýup täzeden ýene daşyna seretdi we ýene şol oglany gördi, bu gezek oglan eýýäm ýylgyranokdy. Ol bir zatlar bilen gaýgylydy. —Jemal, —diýdi oglan we haýaljakdan gözden gaýyp boldy. Oň yz ýany bilen syrly şöhle hem öçdi. Gapy hiç zat bolmadyk ýaly öz özinden açyldy. Jemal daşyna ylgap çykdy, ýöne ol ýeri eýýäm boşdy. —Eje kim geldi, —Oglanjyllar dilleşen ýaly bir agyzdan soradylar. Olar eýýäm oýadylar, ukusyz gözlerine görä baha berseň olar bir eýýäm oýadylar. ************************************************ —Işe gitmediňmi? —Dursum daýza sorady. —Ýok daýza gitmedim, —Jemal keýpsiz jogap berdi. Özimi erbet duýýan. —Menem aklawuny almaga geldim, günortana çagalara gutap ýaýyp berjek. Onsoň aklaw gerek bolmadymy? —Daýza ýylgyrdy. —Ýok daýza, —Jemal başga bir ýerlerik gözini dikip jogap berdi. —Gyzym keýpiň ýokla, saňa näme bolýar, ýa bir zat gördüňmi? —Gördüm öýdýän daýza. Ýöne näme görenimi özimem bilemok. Ýoldaşymy gören ýaly. —O nahili öýdýän gyzym? Hany sen ýoldaşym türmede diýdiňä? Ýaşaýan ýerimi bilenok diýdiň? Ýa-da sorap idäp tapaýdymyka meýit. —Söwme oňa daýza, —gaharlandy Jemal. —Waý Jemal, seň öziň ol görgülini birje gezegem söwmän ýatlaňokdyňla, şonyň üçin bizede ennik bolupdyr. —Bilýän daýza, indi oňa söwme. Edil şol wagyt gapy kakyldy. Jemalyň körpe ogly ylgap gapyny açdy. Galan iki ogly bu wagyt mekdepdediler. —Salawmaleýkim, —biri çekinjeň salamlaşdy. —Waleýkim, —Dursun daýza salamy aldy we Jemala pyşyrdady; —tur agyz arkan düşip ýatma, gelen erkek kişi ýalyla. Içki jaýa eline papagyny alyp bir oglan girdi. Oglan ýaşdy, bolsa 20-22 ýaşlarynda. Ol ýene bir gezek otyranlara seredip salamlaşdy. —Jemal Planyýewna siz bolýaňyzmy? Dursun daýza bilen Jemal bir birine seredişdiler. —Howwa biz bolýas, —Dursun daýza jogap berdi. Oglan aýtjak habaryny aýdyp bilmän elindäki papagyny az salym dyrmap gümenip durdy. —Siziň ýoldaşyňyz geçen hepde türmede ýogaldy genje, —oglan ahyrsoňy özinden gysyp çykardy. Habar entek öz salgysyna doly barmaka ol çalt çaltdan ýene dowam etdi; —men entek talyp, praktikada, olar bolsa meni şeýle habar bilen ugradýarlar. Men näme diýeýin, ýok diýeýinmi? Siz meni bagyşlaň gelineje, ýöne men ýönebir ýumuş oglany. —Nähili ýogaldy? Men ony şu gün daňdan gördümä, —diýjek boldy Jemal, ýöne sakawlap dili tutulyp galdy. —Geçen hepdäň 3-nji güni ýogaldy diýip bize türmeden habar berdiler. Hossarlary tapylmansoň ony düýn agşam jaýladylar. Siz ýaşaýan ýeriňizi çalşypsyňyz, täze salgyňyzy goňşylardan hiç kim bilenok eken, üste-üstinede siz Zakysdan geçmedik ekeniňiz. Şonyň üçin sizi tapynçak bir hepde geçdi. Eger isleseňiz ýoldaşyňyzyň jaýlanan ýerini görkezeýin gelineje. —oglan şeýle sözler bilen gutardy. Jemal otyran ýerinden arkan ýykylyp ýassyga kellesini goýdy. Eli bilen gözlerini ýapdy, barmaklarynyň aşagyndä edil böwetden syzan suw ýaly göz ýaşlar peýdä boldy. —Baryňyz gidiň, —diýdi ol gözýaşlaryň eýesi.
Soňy.
Awtory: Rahman Zulfikarow
Aşgabat: 25.12.2017


Rahman Zulfikarow © 2021 |

Edebiýat, Gözellik. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir