Emeli Arwah (Täsin hekaýa)
Liftyň içi örän giňde, ol lifta arkaýyn iki sany ýeňil maşyn sygjakdy. Emma maşynyň ýerine iki sany äpet adam durdy. Ol adamlar birek birege edil iki damja suw ýaly meňzeşdi. Olaryň gözleri gara äýneklidi we nirä seredýänleri belli däldi. Ol adamlaryň emeli usul bilen ýasalandygy bildirip durdy. Olardan başga liftyň içinde Halyl atly oglan hem bardy. Halyl 27 ýaşynda-dy we düýn diýen ýaly ýokary okuw jaýlaryň birini tamamlapdy. Bu gün bolsa Halyly örän abraýly şereketleriň birine işe çagyrypdylar. Halylyň ýerine başga adam bolan bolsa bu iki sany pälwandan gorksada gorkardy? Ýöne Halyl şeýle emeli pälwanlary ýasamakda 6 ýyllap ýokary bilim alypdy. Halyl Ýewropa ýurtlaryň birinde okapdy, oň okuwnyň puluny Halylyň watany töläpdi. Indem welin öz watanyňa bergiňi bermeli wagty gelende, bir zatlar ters gidipdi. Halyl şu ýyl öz ýurdyna gaýdyp gelmelidi, ýöne ol oglana bir ýerlerden örän owadan gyz sataşypdy we ol gyz öldür Halyly öz watanyna göýberesi gelmändi. Gyz bilen şeýle boljagyny Halyl öň hem bilýärdi, oňa watanynda şeýle usullaryň bardygyny düşündiripdiler. Halyl öz 28 sany ýarany bilen Ýewropa okuwa gelipdi we başga hiç ýerde öwrenip bolmaýan hünäri ele alypdy. Ol hünär emeli aňy we bedeni ýasamagy öwredýärdi. Indem welin okuwy tamamlap öýe gaýtmaly bolanda bir tüýsli geň zatlar bolup başlady. 29 sany talyp öz watanyna aşyp bilmedi. Kimdir birini satyn aldylar, kimdir birine gowy iş berdiler, Halyl ýalylaryň aşagyna owadan gyz ýazdylar. Hiç hili täsir edip bolmaýan adamlary bolsa, ýitrim etdiler. 29 adamyň içinden bary ýogy 4 sany şeýle adam peýda boldy. Dogrysy bar zadyň şeýle bolup biljegini Halyla oň watanynda duýdurypdylar. Ýöne barybir Halyly owadan gyz bilen aldamak başartdy. Halyl bir gyz üçin watanyny satdy diýseň hem bolýar. Ýöne gyzyň özini görmän Halyly ýazgarmak dogry däldi. Gyz edil Perişde ýaly owadandy, süňkleri görünäýjek bolýan bedeni bardy, gar ýaly akdy we örän mähirlidi. —Ol gyz emeli ýasalan bolaýmasyn diýip Halyl ilki başga şübhelendi. Halylyň özi şol ugur boýunça beýik hünärmendi, şol sebäpden oňa emeli adamlary anyklamak kyn däldi. Olaryň ilkinji gijesinde Halyl gyzy barlap gördi oň hakyky gyzdygyna göz ýetirdi. Ol gyz Halyly okuwynyň iň soňky ýylynda sataşypdy. Dogrysy beýle owadan gyzlaryň Halyl ýaly oglanlar bilen ýöne ýere iş çalşmaýanyny ol bilýärdi. Ýöne barybir adaty adam tebigaty watançylyk duýgularynyň baryny ýeňdi. Halyl kiçijek boýly garaja oglandy. Oň saçlary owunjak buýur buýurdy we dişleriniň arasy açykdy. Onsoň şeýle oglana Perişde ýaly gyzyň nazary düşmejegi bellidi, ýöne ol gyz: —Men akylly oglanlary gowy görýän diýipdi, —Halyl bolsa ynanypdy.
Şu ýyl nämeler bolan bolsa eýýäm bar zat düzederden giçdi. Halyl ýylyň başynda şol gyza sataşypdy, ýylyň ahyrynda okuwy gutarypdy we ýylyň ortalarynda hiç haçan Eýrana gaýdyp barmaryn diýen karara gelipdi. Hawa, Halylyň watany Eýranda-dy. Ony watanyndan geçeni üçin Ýewropaň örän abraýly şereketine işe çagyrypdylar. Ol şu wagt şol şereketiň baş direktory bilen duşuşmaga barýardy. Duşuşyga ony lift alyp barýardy we liftiň içinde iki sany emeli goragçy bardy. Ol goragçylar eýýäm 20 minut bäri ýekeje gezek hem gymyldamandylar. Halyl olara seredip öz okuw ýyllaryny ýatlaýardy. Ol şeýle emeli adamlary sökýärdi we düzýärdi. Olara emeli aň döredýärdi. Emeli aň döretmek boýunça Halyl örän ökdedi. Ol okuwyň üçinji ýylynda eýýäm göze düşüpdi. Oň şu wagtky işe barýan şereketi, oňa okuwyň 3-nji ýylyndan başlap her aýda stipendiýa töleýärdi. Halyl ol tölegi kabul etdi we öz watanynadaky howupsyzlyk gulluklaryndan bar zady gizledi. Eger kömek puluny alýanyny bilen bolsadalar, olar Halyldan bir eýýäm dynardylar. Halylyň göze düşmegine oň çap eden bir makalasy sebäp bolupdy. Ol makala emeli aň döretmek dünýäsine degişlidi. Emeli aň we emeli adamlary ýasamakda dünýä belli bir paradoks bardy. Hyzmatkär robotlary ýasamakda dünýä belli Ýapon alymlaryň biri dünýä belli bir paradoks galdyryp gidipdi. Ol Ýapon alymy bir eýýäm dünýeden gaýdypdy, ýöne oň döreden hyzmatkär robotlary şu döwür hem öndürilýärdi. Ýöne ol robotlaryň örän täsin bir syry bardy. Şol syry bolsa soňky 40 ýyllap hiç kim çözüp bilenokdy. Ol robotlaryň syry şeýledi: Ol robotlary nädip ýasamalydygyny şol Ýapon alymyň işläp giden şereketi bilýärdi, we şu döwüre çenli ol robotlary öndürýärdi. Ol robotlar dünýä ýüzünde adama meňzeş häsýeti bilen bellidiler, ol robotlar edil ýaş gyz ýaly mähremdiler. Ýöne nädip şeýle emeli aňy-düşünjäni döredip bolýandygyny hiç kim bilenokdy. Islendik robot ýa-da emeli adam iki bölekden durýardy. Ol bölekleriň biri bedendi, ikinjisi bolsa aňdy. Nähili geň bolsada şol robotlar ýasalanda olarda aň bolanokdy. Ol robotlaryň diňe bedenlerini ýasaýardylar. Bedeni nahili ýasamalydygynyň bar düzgünlerini, şol merhum bolan Ýapon alymy galdyryp gidipdi. Eger şol düzgünler boýunça robot ýasasaň, şol robotda aňyň we düşünjäň öz özi peýda bolýardy. Aňyň nirden peýda bolýanyny dünýäň iň beýik alymlary soňky 40 ýyllap çözüp bilmän ýördüler. Ýöne aň-düşünje diňe şol Ýapon alymyň galdyran çyzgylary boýunça ýasalan robotda peýda bolýardy. Çyzgylarda sähel üýtgeşme bolsa robot öldür janlananokdy. Ol iň bärkisi gözlerinem açanokdy. Şol Ýapon alymyň adamzada galdyran tapmaçasyny entek hiç kim çözüp bilenokdy. Iň bärkisi hakykada ýakyn çaklamalar hem bolmandy. Ol alymy şol robotlara degişli ýene bir uly syry bardy. Robotlaryň sanyny laýyk 1600-den köp edip bolanokdy. Eger 1601-njy robody ýasasaň, öňki ýasalan robotlardan biri öz özinden ölýärdi. 1600 sany robot ýeriň dürli künjeginde bolsada, hamala olaryň arasynda täsin baglanşyk bar ýalydy. Birje roboda artykmaç ýasasaň, hökman olaryň haýsam bolsa biri hatardan çykýardy we hiç bir ýagdaýda janlandyryp bolanokdy. Bu syry hem şu wagyda çenli hiç kim çözüp bilmändi. Ol Ýapon alymyň galdyran çyzgylaryny tutuş dünýäň alymlary öwrenipdi we hiç hili şübheli zat tapmandylar. Şol çyzgylardaky ýeke geň zat, olaryň örän çylşyrymlydygynda-dy. Şol robotlar edil adam bedeni ýaly çylşyrymlydy. Adam bedeniniň nerwi ulgamyna meňzeş ulgamlar bardy. Ýöne aňa-düşünjä meňzeş hiç bir zat ýokdy. Gepiň gysga ýeri şol robotlaryň serýasy alymlara soňky 40 ýyllap gün berenokdy. Şol syry çözjek bolup bir giden ýaş alymlar dälihana düşüpdilar. Ýöne şu günlere çeni ol tapmaça hiç kime per bermändi. Diňe Halyl atly Eýranly talyp şol tapmaçany çözmegi başarypdy. Has dogrysy Halylyň çaklamasy iň hakykada ýakyn bolup çykdy. Öz çaklamasyny Halyl Ýewropaň ylmy žurnallarynyň birinde çap edipdi. Şondan soň welin bar zat üýtgäpdi. Halyla dünýä belli şereket öz hyzmatlaryny teklip edipdi, oňa goşmaça stipendiýä töläp başlapdylar.
Adam häsýetli Ýapon robotlaryň syry şundan ybaratdy: Ol robotlaryň diňe bedeni ýasalýardy, aň-düşünje olarda öz özünden peýda bolýardy. Aň düşünjäň nireden peýda bolýanyny diňe Halyla çaklamak başardypdy. Halylyň çap eden makalasyna görä ol robotlardaky peýda bolýan äň düşünje, köne döwür ýaşap geçen adamlaryň ruhydy. Adam bedenine diýseň meňzeş ýasalan emeli bedene, bir mahal ýogalan ruhlar ýalňyşlykda girýän bolmaly? —Halyl düşündirýärdi. Ýöne barybir emeli beden bilen hakyky bedeniň deň dälligi üçin, ol robotlar adamdan örän daşdylar, ýöne näme üçindir gyz ýaly mähremdiler. Halylyň çaklamasyny ylym dünýäsi hezil edip ýuwutdy we öz ugruny tutuşlaýyn üýtgetdi. Indi dünýä belli alymlar, adama meňzeş aň-düşünjäni emeli usul bilen döretmäň üstinde işlemän. Eýsem aň-düşünjäni bir zat edip ýaýlymdan tutup aljak bolýarlar. Eger adamyň bedenine örän meňzeş beden döretseň, oň içine hökman ruhlaryň biri ornaşaýmalydy. Ýöne şeýle bedeni nädip döretmelidigini diňe şol Ýapon alymy bilýärdi. Alym merhum bolsada haýsy ugra pikir etmelidigini olary görkezipdi. Ýöne oň diýjek bolýan zatlaryna diňe Halyl düşünipdi we başgalara düşündiripdi. Halylyň özi bilmesede oň ylym dünýäsinde diýseň sylagy ulydy.
Robotlaryň sanynyň näme üçin 1600-den geçmeýändigini Halyl şeýle düşündirdi: Şol robotlara girýän ruhlaryň sany näme üçindir 1600-den kän bolmaly däl. 1600 sany ruh bir millet bolardan diýseň az. Geçmişde bir ýerlerde birek birege örän bagly bolan 1600 sany adam bir heläkçilikden ölen bolmaly. Olaryň 1600-em ýaş gyz bolmagy ahtymal? Ýapon alymy şol gyzlaryň ruhyny bir zat edip öz emeli ýasan bedeni bilen gyzyklandyrmagy başarypdyr. Indem welin şol bedeni ýasadygyň ýeterlik, şol 1600 ruhdan biri bedene öz özinden ýerleşýär. Eger 1601-nji bedeni ýasasaň, öňki ýasalan bedenleriň birini ruh taşlaýar we ýene täze bedene ýerleşýär. Ol 1600 ruhyň gelip çykyşy barada-da Halylda geň çaklama bardy. Halylyň okaýan jaýynda şol 1600 robotdan biri bardy we Halyl şol robot bilen köp wagtlap işlemäge mümkinçilip bolupdy. Halylyň çaklamagyna görä, şol 1600 sany ruh, köne döwürler Çingiz hanyň nökerlerine getirlen 40 sany gyzlaryň ruhy bolmalydy. Köne döwürler Çingiz han merkezi Aziýa tomuslamana gelende, oňa daş töwerekdäki şäherleriň baryndan 40 sany gyz ugradýan ekenler. Her bir uly şäher 40 sany iň owadan gyzlary beräýmeli eken. Ana şol 40 sany gyzlardan aram aram gozgalaň turuzyp, daga çöle gaçyp gidýäni bolýan eken. 40 gezekden 40 gyz laýyk 1600 bolýar. Halyl näme üçindir 1600 robotlary şol gyzlaryň ruhy eýeleýär diýen karara geldipdi. 1600 sany gozgalan turuzan gyz, özlerem dürli şäherden we dürli döwürler ýaşan. Ýöne ol gyzlar barada Ýapon alymy aradan 1000 ýyldan gowrak wagt geçip nireden bildi, hiç kime belli däl. Çingiz hanyň ýaşan döwrüinden şonça ýyl geçipdi. Emma Ýapon alymyň galdyran gündeliginde oň düýşine girip, —bizi ýasaýyňda, —diýip haýyşt eden 1600 sany kölege barada agzap geçýär. Garaz Halyl öz çaklamalaryny ylmy dilde şol žurnalda çap etdi we emeli aň ýasamakda dünýä ylymyny düýbinden başga akyma göýberdi. Indi tutuş dünýe emeli aňy ýasamagyň ýerine, ýaýlymdan aňy tutup almagyň üstinde işleýärdi. Kimdir biri Enşteýn ýaly beýik alymlaryň ruhyny tutup almagyň üstinde işleýärdi. Kimdir biri geçmişde bolan beýik esgerleriň ruhyny tutup, harby robotlary öndürmegiň arzuwyny edýärdi.
Halyly alyp barýan lift ýarym sagatdan soň saklandy. Liftiň näme üçin şonça wagtlap ýöränini Halyl bilenokdy. Lift aşak ýöredimi, ýa-da ýokaryk, ýa-da gapdaly, ol hem belli däldi. Liftiň gapylary açyldy we giň karidor göründi. Karidoryň ini edil liftiň ini ýaly giňdi. Karidora göz aýlap Halyl ýeriň aşagyna düşendigine göz ýetirdi. Ýeriň aşagy aşagy welin, 30 minutda näçe metr aşaklap bolýar? —Halyl oýlandy. Liftiň gapylary açylanyndan iki sany emeli adama hem jan girdi. Olar Halylyň her gapdalyndan durdylar. Edil günä bilen sogaby hasaba alýan Perişdeler ýaly. Halyl garşylyk görkezmän karidoryň jümmüşine ätledi, iki sany pälwen bolsa, oň yzy bilen.
Halyl bir näçe kilometr ýeriň aşagyndady. Ony işe çagyrýan şereket diýseň kuwwatlydy. Bu şereketiň esasy binasynyň aşagynda uly ýerzemin bar bolmaly, —Halyl çaklady. Ýene-de Halyl ýalňyşmaýan bolsa bu şereketiň ähli binalary ýeriň aşagyndan birek birege bagly bolmalydy? Ýöne näme üçin baş direktor ýagty jahandan ýeriň aşagynda gizlenýär? Bu Halyl üçin gizlin syrdy. Belki bu şereketiň labaratorýalary hem ýeriň aşagyndadyr? Hökman şeýle bolaýmaly, ýer ýüzünde iň gizlin eşleriň bary, ýeriň aşagynda edilýärdi. Halyl muny bilýärdi. Bir näçe ýüz metrdan soň karidor duýdansyz çepe öwrüldi we birden has hem giňedi. Indi bu ýerde iki sany eletro-ulag bardy. Iki sany Pälwan şol ulaga münmegi Halyla teklip etdiler. Halyl ulagyň yzky oturgujyna mündi, iki sany emeli pälwan bolsa öňüne. Ulag öz özünden herekede geçdi, iki Pälwanyň ony dolandyrmakda dyrnak ýaly hem goşantlary ýokdy. Ulag ýola düşeninden Halylyň kellesinde örän geň pikirler döräp başlady, Halyl öňler şeýle pikirleri hiç wagt etmändi. Näme üçindir Halylyň hyýalynda beçewazlyk pikirleri oýandy. Ol pikirleriň hiç hili başy ýokdy, ol pikirler öz özinden döräpdi we öz aýratyn erki bardy. Hamala kimdir biriniň sesi, Halylyň ýoluny urdurjak bolýan ýalydy? Halyl eýýäm hyýalynda iki sany Pälwan bilen ýatýardy. Beýle pikirler ýöne ýerden döräp biljek däldi. Ol pikirleri kimdir biri Halylyň kellesine daşyndan guýýardy. Halyl pikirleriň çeşmesini tapjak boldy, ýöne başa barmady. Ol pikirler örän maýyşgakdy. Ol pikirler ýatlamalaryň jümmüşine çümüp, Halyla ilki başdan oglanlaryň ýaraýandygyny düşündirjek bolýardy. Bu pikirler nähili geň bolsada ýaşamak üçin göreşýärdi. Halyl olary ýeňip bilmedi.
Elektro ulag öz ýoluny dowam etdi. Uzyn karidor köçäni ýatladýardy. Käbir ýerlerde ýol ikä bölünýärdi, ýa-da hakyky çatryk peýda bolýardy. Halyl gapdalda bir ýerde edil öz barýan ulagy ýaly bir iki sany ulag hem görüpdi. Bu ýer näme diýseňem ýeriň aşagyndaky şäherdi, ýöne diňe asman görnenokdy. Gapdallara suwulýan karidorlaryň barsy hökman ýer-asty binalara eltýän bolmalydy? —Meňa iş berjek bolýan şereket şeýle kuwwatlymyka? —Halyl oýlandy. Iň soňynda eletro-ulag karidoryň soňyna diredi we saklandy. Ulag saklananyndan soň beçewaz pikirler hem zymzyýat boldy. Bu pikirler edil iki pälwan ýaly emeli bolmagy mümkindi? Karidoryň soňunda gapy bardy. Iki pälwan şol gapyny açyp Halyly çagyrdylar. Halyl daş töweregine garaňjaklap gapydan ätledi. Gapyň aňarsynda eýýäm adaty karidor başlaýardy. Şol karodordan Halyl bilen iki sany pälwan ýoluny pyýada dowam etdiler. Karidor egrem-bugram bolup alyslara alyp gidýärdi. Ilki başda karidor boşdy, soň ol ýuwaş ýuwaşdan adamlar bilen dolup başlady. Halylyň öňünden her tüýsli işgärler çykyp başlady. Ol edil öz ýeňsesinde barýan iki sany pälwanyň kopýalaryna hem sataşdy. Karidor aram aram çepe hem saga şahalanýardy. Bu ýerde her dürli işgärler we alymlar bardy. Halyl daş töweregine aňkaryp nädip ýetmeli ýerlerine ýetendigini bilmän galdy. Iň soňunda karidor egrem bugram bolup bir owadan gapa diredi. Halyl ilki başda ýoly ýatlajak boldy, ýöne öwrümleriň sany ýatlardan bir eýýäm geçip gidipdi. Onça öwrümleri ýatlamak mümkin däldi. Bu ýerik hakyky labirindy ýatladýardy.
Halyl bilen iki sany melgun gapyň daşynda az salym garaşdylar we iň soňunda uly gapy açyldy. Gapyň aňarsynda giň otag bardy, ol otagda, giň stoluň başynda bir gyz otyrdy. Gyzyň ýüzi diýseň tanyşdy, bu gyz edil melek ýaly owadandy we uzyndy. Gyzy görüp Halylyň dili tutuldy, oň aýaklarynyň ysgyny gaçdy. Ol haýaljakdan yzyna ýöräp başlady, gyz bolsa täsin ýylgyrýardy. Halyl arkasy bilen iki sany melguna diredi we saklandy. Ol gyz Halyly şu ýyl sataşan gyzy bilen iki damja suw ýaly meňzeşdi. Diýmek Halylyň söýýän gyzy hem edil öň öňündäki gyz ýaly ýasamady. —Siz meni aldadyňyz, —Halyl samrady. Ol bir ýerlerik gaçyp gidesi geldi, ýöne gaçara eýýäm giçdi. Ony göýberseňem ol yzyny tapjak däldi. Halyl şol gyz üçin öz watanyndan dönüpdi. Indem welin ol gyzyň ýöne bir emeli gyzdygy aýan bolupdy. Ýöne nädip bu şeýtanlar Halyl ýaly hünärmeni aldamagy başardylar? Bu eýýäm gizlin syrdy. Halyl emeli gyz bilen hakyky gyzyň tapawudyny hökman biläýmelidi. Ýöne bilmedi. Halyl öňünde oturan gyza seredip eýýäm aglamaga taýyndy, ýöne gapdalda duran gapy açyldy we ony şol ýerik çagyrdylar.
Halyl gapdaldaky gapa haýaljakdan girdi we oň yzy bilen äpet gapy ýapyldy. Iki sany pälwan bilen ýasama jelep gapyň daşynda galdy. Halyl täze otaga girip elleri bilen gözlerini ýapdy. Bu otag diýseň ýagtydy. Penjirelerden günüň şöhlesi düşýärdi. Halyl ýarym garaňky karidorlarda sümsünip, gözleri garaňkylyga gowja öwrenşipdy. Bu wagt bolsa ýeriň ýüzünden 100 gat beýiklikde duran ýalydy. Halyl gözleri ýagtylyga öwrenşeninden soň penjirä seretdi. Ol ýerden haýsam bolsa bir ösen şäher görünýärdi. Beýik beýik binalar, asmanda bir ýerlerde dik uçarlar uçuşyp ýör, awtoulaglaryň sesleri gelýär. Ýöne beýle bolmaga haky ýokdy, Halyl näme diýseň ýeriň aşagyndadygyna ynanýardy. Eger ol çyndanam ýeriň aşagynda bolsa, diýmek penjireden görünýän we eşdilýän zatlaryň bary emeli usul bilen döredilendi. Soňunda şeýle hem bolup çykdy. Penjiräň aňarsyndaky görünýän surat öz keşbini çalşdy. Indi ol ýerde çäksiz deňiz bilen, ýaşyp barýan gün görünýärdi.
—Salam Halyl, —Kimdir biri Halyla oň ene dilinde salam berdi.
—Siz biziň dilimizi nireden bilýäňiz? —Halyl soranyny özi duýman galdy. Halyl soňky bir ýyl öz ene dilini eşdip görmändi.
—Meň bilýän zatlarym örän kän, —Otagyň burçyndan biri jogap berdi. —Sen golaýrak süýş Halyl.
Halyl golaýrak süýşdi we örän geň adama nazary sataşdy. Ol adam örän äpetdi we edil Halylyňky ýaly buýur buýur gara saçlary bardy. Ol adam Halyla seredip bir tüýsli täsin ýylgyrýardy.
—Men şu şereketiň eýesi, —Ol adam ellerini gapdala ýaýdy, hamala Halyly gujaklasy gelýan ýaly.
Ol adam edil özi ýaly äpet diwanda otyrdy. Oň garşysynda bolsa adaty adamlar üçin nýetlenen diwan durdy. Bu otaga oň özinden başga äpet girmeýän bolmalydy?
—Geç otur Halyl, —ol adam ýene Pars dilinde dowam etdi. Bu adam kim bolsada Pars dilini diýseň gowy bilýärdi. Hamala ömrüniň barsyny Eýranda bir ýerlerde geçiren ýaly?
—Daşgy jaýdaky gyz…—Halyl sorajak boldy, ýöne sakynyp galdy. Oň gözleri ýaşaryp başlady, hamala öz ene atasynyň hakyky däldigini bilen çaga ýaly. Halyl eýýäm ol gyz bilen bir giden arzuwlary biçip goýupdy, ol gyz Halyla bir giden çaga doguryp bermelidi, Halyk hiç wagt öz watanyny küýsemez ýaly.
—Seň bilen ýatýan gyz janly gyz Halyl, —täsin adam jogap berdi. —Sen gorkma Halyl. Meň daşgy jaýymda gören gyzyň şol gyzyň nusgasyndan ýasalan. Sen entek bu ýerde şol gyzyň ýüzlerçe kopýasyny sataşarsyň. Biz saňa ýasama gyz sokmaga milt etmezdik. Biz saňa öz şereketimiziň iň akylly we iň owadan gyzyny berdik. Elbetde seň özüň aňýansyňa şeýle gyzyň sen ýaly oglan bilen ýöne ýere iş çalşmajagyny?
Halyl hawa diýjek boldy ýöne sözleri ýuwutdy. Elbetde Halyl bilýärdi ol gyzyň esasy maksadyny, ýöne ol gyz bir ýyla golaý oň bilen ýaşaşyp, näme diýseňem özine aşyk bolup başlandyr öýdýärdi. Iň bolmanda gyzyň hereketlerinde hiç hili ýasamalyk görünenokdy. Näçe pul töleselerem halamaýan adamyň ýanynda bir ýyllap öz ýigrenjiňi gizläp gezip boljak däldi.
Halyl haýaljakdan ýöräp äpet adamyň garşysynda oturdy we äpede seretdi. Ol adam adaty adamdan 5 esse ýaly daýawdy. Ol adam gök-gara kastýumda-dy we gerdenine düşüp duran gara saçlary bardy. Gyzyň hakykydygyna ynanyp, Halyl azajygam bolsa köşeşdi.
—Gyz üçin we maňa tölän stipendiýaňyz üçin size sag bolsun aýdasym gelýär, —Halyl Parsça gürledi. —Menden size näme hyzmat?
Pars dili Halyly sypaýy bolmagy mežbur edýärdi, näme diýseňem pars dili iňlis dili ýaly sowuk dil däldi. Iňlis dili iň soňunda robotlaryň diline öwrüljegini Halyl çaklaýardy.
—Gyz bilen stipendiýa biziň edip biljek kömegmiziň iň bolgusyzjasy, —Ägirt ýylgyryp gürledi. —Biz saňa entek hiç wagt görmedik zatlaryňyzy görkezeris Halyl. Biziň şereketimiz bir taslamaň üstinde işleýär, şol taslama baş tutanlyk eder ýaly bize sen gerek Halyl.
—Ol nähili taslama? —Halyl sorady we öz gyzyklanmasyny gizläp bilmedi.
—Tasmalaň ady "Emeli arwah", sen düşünýäňmi Halyl?
Halyl başyny ýaýkady, bu alamat ýok diýmegi aňladýardy.
—Sen Jyn Arwahlaryň bardygyna ynanýaňmy Halyl? —Ägirt sorady.
—Meň önüp ösen ýerim jyn arwahlara ynanmaga mežbur edýär, —Halyl jogap berdi. —Ýöne dogrymy aýtsam Jyn Arwahlar barada hiç wagt pikir etmändim.
—Olar hakykatdanam bar, —ägirt dowam etdi. —Diňe bar bolman, olary emeli usul bilen ýasasaň hem bolýan eken, edil biziň adamlary ýasaýşymyz ýaly.
Ömründe eşidip görmedik habaryny eşidip gören islendik adam ýaly, Halyl doňup galdy: Arwah Jynlar bar, ýöne barlygy diňe ýarym muşşakgat, olary emeli usul bilen ýasasaň hem bolýan eken. Ýöne olary emeli usul bilen ýasamagyň näme hajaty bar diýsene?
—Sizde eýýäm emeli arwah barmy? —Halyl gyzyklanma bilen sorady.
Nähili bolanda-da Halyl ilki bilen gowy alymdy, şol sebäpden ony birinji nobatda ylym gyzyklandyrýardy.
—Bar, biziň labaratorýalarymyzda hemme zat bar. Siz ýaňja şu ýerik gelýän wagtyňyz biziň döreden emeli arwahlarymyzyň biri bilen tanyşdyňyz. —Ägirt dodagyndan ýylgyrşy düşürmän jogap berdi.
Halyl bolsa köne endigine görä öňünde duran adamyň hakykymy ýa-da emelidigini anyklajak bolýardy. Adamy emeli usul bilen nähili kämil ýasasalaram, oň hereketlerinde käbir ýalňyşlyklar aram aram peýda bolýardy. Şu wagyda çenli bu ägirdiň hereketlerinde hiç hili ýalňyşlyk ýokdy, ýöne tebigatda beýle uly adamlar öz özinden döränokdy.
—Beçewazlyk pikirleri siziň beýniňizde döremedimi? —Ägirt geň galma bilen Halyldan sorady. —Biziň ýasan emeli arwahlarymyzyň biri, adamlaryň kellesinde beçewazlyk pikirleri döredýär. Adamlaryň çuňňur ýatlamalaryna girip, bolan zatlaryň barsyny beçewazlygyň bähbidine ulanjak bolýar. Siz biziň arwahymyza nähili baha berersiňiz?
—Bilýäňizmi azajyk çygyrak, arwahyň döredýän pikirleri bir tüýsli daşyndan gelen pikirlerdigini bildirip dur. —Halyl nämäň nämedigine entek doly düşünmän, bar zatdan habarly ýaly jogap berdi. Ol emeli aňyň üstinde işläni üçin adam beýnisi bilen hem gowja tanyşdy.
—Şol sebäpden bize siz ýaly hünärmen gerek boldy Halyl. Eger siz razy bolsaňyz, men size "Emeli arwah" taslamaň baş hünärmeni wezipesini teklip etjek. Biz siziň adyňyzy çalşarys, eger gerek bolsa sypatyňyzy hem çalşarys, ýewropaň iň gowy şäherleriniň birinden jaý bereris. Sizi Eýranyň gizlin gulluklary ahyrýete çenli gözleselerem tapyp bilmezler. Siziň taýyňyz eýýäm bar, ony siz bilýäňiz. Ýeri näme diýersiňiz Halyl?
—Men razy, ýöne mende bir iki sany sorag bar, —Halyl dowam etdi. Ol adamy eýýäm ylmy dünýä öz içine ýuwdypdy.
—Men sizi dykkat bilen diňleýän, özem boldygyndan size açyk jogap berjek bolaryn, eger açyklyk meň şereketime zyýan ýetirmese? Men siz bilen entek degişli resminamalara gol çekişmedik, şol sebäpden size bar syry açyp biljek däl.
Halyl azajyk oýa batyp öz soragyny berdi:
—Näme üçin arwahlary emeli usul bilen ýasamaly boldy? Emeli arwahlary siz näme maksatlara peýdalanjak bolýaňyz?
—Bu soraga sizden garaşsa bolýardy, —Ägirt jogap bermäge başlady. —Düşünýäňizmi Halyl, 3-nji jahan urşundan soň hakyky arwahlaryň barsy bir ýerlerik ýitrim boldylar, biz olaryň nirä ýitrim bolanyny bilemzok. Siz 3-nji jahan urşundan soň dogulan nesil bolanyňyz üçin, arwahsyz dünýäň nähili üýtgändiginden habarsyz bolsaňyz gerek? Arwahlaryň dünýäsi bilen adamlaryň dünýäsi, diňe pikirleriň üsti bilen kesişip bilýär. Jyn arwahlar entek bar wagty, adamlaryň kellesinde döreýän pikirleriň aglawa bölegi adamlaryň özlerine degişli däldi. Pikirleriň köpüsi daşyndan gelen pikirdi. Indem welin arwahlar tutuş taýpasy bilen bir ýerlerik ýitrim boldylar we adamzat öz özi bilen iki-çäk galdy. Ýöne bolsada biziň şereketimiz beýle zatlara ýol berip biljek däldi. Näme diýseň hem adamlar bilen arwahlaryň arasynda köne döwürden gelýän dawwa bardy, şol dawwa sebäpli arwahlar adamlaryň kellesine diňe ýaramaz pikirleri guýýardylar. Adamlary azdyrmaga synanşýardylar. Biziňi şereketimiziň iň esasy maksady ýitip giden arwahlaryň barsyny emeli usulda ýasamak.
—Birje minut duruň, —Halyl birden janlandy. —Eger arwahlar adamlarda diňe ýaramaz pikirleri döredýän bolsa, olary emeli usul bilen ýasajak bolmak nämä gerek?
Halyl öz aň derejesi bilen, esasanam harby ugurlar bilen işlemeli boljagyny bilýärdi, ýöne beýle derejede tutuş adamzada zyýan ýetirmeli bolar öýdenokdy.
—Siz düşünýäňizmi Halyl, arwahlar ýitrim bolanyndan soň adamzat ösmesini bes etdi. 3-nji jahar urşyndan soň adamzat şol bir duran ýerinde peşäp duran ýaly? Gynansakda ösüş üçin ýaramaz zatlar hem gerek eken. Eger biz arwahlaryň barsyny emeli usul bilen döretmesek, adamzadyň gelejegi örän garaňky. Biziň edýän işimiz gowymy ýa-da erbet bu eýýäm aýratyn gürrüň. Dogry, biz şu wagt diňe zyýan ýetirýän Jyn arwahlary emeli usul bilen döretjek bolýas, ýöne gelejekde biz peýda getirýän arwahlaryň üstinde hem işlemeli bolarys. Mysal üçin aýdaly, käbir ýurtlara biz öz emeli arwahlarymyzy satyp bilerdik. Aýdaly seň watanyňa biz arwahlary satyp bilerdik. Halkyň pikirlerinde watançylyk duýgylary döredýän arwahlary? Siz bilýäňizä indi telewizor bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleri adamlara öňkiler ýaly täsir edenok.
Halyl hiç zat jogap bermän diňe oýlanýardy, ol garşysynda otyran ägirde "ýok" diýip jogap berseň, bu ýerden aman sypyp boljagy barada şübhelenýärdi. Halylyň kellesinde edil oň özi bilen des deň, ýene biri oýlanýardy, has dogrysy ol Halylyň düşen ýagdaýyny aklajak bolýardy:
—Sen bolýa diýde jogap ber, bu adamyň sypatyny göreňokmy, bu adaty adam däl, —Halylyň kellesinde dörän ses şeýle diýdi. —Öz watanyň barada alada etme, şu ýaşyňa çenli saňa watanyň näme ýagşylyk etdi? Hiç zat etmedi, onsoňam sen bilýäňä, akylly adam üçin tutuş zemin watan. Adamlaryň barsy dogan, şu ýurtdaky adamlar bilen seň ýurdyňda ýaşaýan adamlaryň arasynda näme tapawyt bar?
—Meň kellämde ýaňlanýan pikirler şol siziň emeli arwah diýýän taslamaňyzmy? —Halyl Ägirtden sorady.
Ol bolsa ýylgyryp jogap berdi:
—Elbetde oň edil özi, ýöne öziňiz görüp dursyňyz, biziň emeli arwahymyzyň işi örän aýan bolup dur, biziň arwahymyz adamlaryň öz pikirlerine gizlenip bilenoklar. Emeli arwahlary kämil derejä ýetirersiňiz diýip biz size uly umytlary baglaýarys Halyl.
—Arwahlaryň jemi näçe görnüşi bar, —Halyl sorady we öňünde otyran Ägirde nädip ýüzlenjegini bilmedi. Ol adam öziniň çyn adyny aýtmandy, ol diňe men şu şereketiň baş direktory diýipdi.
—Jemi 72 görnüşi bar, her bir arwah belli bir ugur boýunça pikir döredýär.
—Pikir döredýän enjamy nirede ýerleşdirýäňiz? —Halyl howlukmaç sorady.
—Şäherleriň içinde, binalaryň üstinde, sputniklarda we başga ýerlerde, size mälim bolşy ýaly enjama adam näçe golaý bolsa, şonçada gowy.
—Arwahlaryň sany näme üçin 72? —Halyl ýene öz soragyny dowam etdi.
—Hakyky arwahlaryň taýpalarynyň sany hem şonçady gadyrdan Halyl. Her bir arwahyň taýpasynyň öz döredýän pikirleri bardy. Mysal üçin 69-njy taýpaň arwahlary adamlarda jynsy azgynçylyga degişli pikirleri oýarýardy. Siz şu ýerik gelýän wagtyňyz 69-njy arwahyň işleýşini öz bedeniňizde duýdyňyz. Sizde peýda bolan beçewazlyk pikirleriň barsy şol emeli arwahyň işi. Mundan başga 13-nji taýpaň arwahlary adamlary öz janyna kast etmäge iterýar.
—Adamlaryň pikirlerine goşulyp bilýän enjamy siz nireden aldyňyz? Halyl bir tüýsli gaty gören ýaly bolup sorady.
—O nähili nireden aldyk Halyl, bu enjam siziň 3-nji kursy gutaraňyzda oýlap tapan enjamyňyz. Ýöne bizden öýke kine etmäge howlukmaň, biz ol enjam üçin jomartlyk bilen tölemäge taýýyn.
—Siz nädip ol enjamy menden almagy başardyňyz, men ol enjamy ýekeje gezek köpçülige görkezipdim. —Halyl bir tüýsli gaty gören äheňde sorady.
—Biziň başarýan zatlarymyz diýseň kän Halyl, biz ýalkap hem bilýäs, gargap hem bilýäs. Bar zat biziň elimizde. Dogrymy aýtsam siziň janyňyz hem biziň elimizde. Eger siz birden biziň teklibimizden boýun gaçyrjak bolsaňyz…
—Meni öldürmisiňiz? —Halyl Ägirdiň sözlerini böldi.
—Ýok, edil öldürmeris, siz diýseň gymmat hünärmen, ýöne sizi barybir bize işlemäge mežbur ederis. Şonuň üçin biz bilen meýletin ýagdaýda işleşeniň siz üçin diýseň bähbitli. Siz maňa düşünýäňizmi Halyl? Size pikirlenmäge wagt gerekmi, ýa-da siz göni şu wagt jogap berjekmi? —Ägirt ýylgyryp jogap berdi.
—Men göni jogap berjek, ýöne mende birje sorag bar. Men sorasam bolýarmy?
—Men siziň näme sorajagyňyzy bilýän Halyl, siz ol soragy beren birinji hünärmen däl. Size meň kimdigim gyzyklymy? Siz entek men ýaly adam görmediňizä, şeýle dälmi?
—Ýok, men başga sorag berjekdim, —Halyl jogap berdi. —Maňa siziň kimdigiňiz o diýen gyzykly däl, siziň aňly düşünjelidigiň maňa eýýäm ýeterlik.
Halylyň jogabyndan Ägirdiň ýüzünde geň galma peýda boldy, dogrysy şu gürrüňdeşlik başlany bäri Ägirdiň ýüzünde iň birinji duýgy.
—Biz ýeriň aşagynda ýerleşýäs, şeýle dälmi? Eger şeýle bolsa biz haýsy ýurdyň aşagynda? Eger mümkin bolsa haýsy şäheriň aşagynda? Şony maňa aýdaýyň.
—Siz örän kyn sorag berdiňiz Halyl, men dogrymy aýtsam ol soraga jogap bermäge ýaýdanýan, size ýalan hem sözläsim gelenok. Biz Eýranyň aşagynda ýerleşýäs, has takyk aýdaňda Horasan diýen şäheriň dik aşagynda.
—Biz Eýrandamy? —Halylyň gözleri ýandy. Ýöne nädip, meni bu ýerik getiren lift şeýle çalt herejek edýärmi?
—Şundan şeýläk besdir Halyl, siz bilmeliňizden köp sorap başladyňyz. —Ägirt ýowuz jogap berdi. Bu eýýäm öň ýüzündäki ikinji duýgydy. —Siz belli bir karara geliň, onsoň biz söhbetdeşligi dowam ederis.
—Bolýa, men jogap bermäge taýyn, ýöne haýyşt edýän, maňa täsir edýän Jynlaryňyzyň barsyny öçürüň.
Ägirt Halylyň ýeňsesine bir ýerik seretdi we gözleri bilen yşarat etdi. Şondan soň Halylyň kellesindäki daşky pikirleriň barsy öçdi. Halyl öz özi bilen iki çäk galdy, ýöne şonda-da oňa bir güýç pikir etmäge kömek edýärdi, ýöne ol güýç emeli arwah däldi. —Perişdeler biziň pikirimize goşulup bilýärmikä, —Halyl oýlandy. Kelledä döreýän pikir bolsa, diňe oňa "ýok" diý diýip gygyrýardy. Halyl şeýle diýip hem jogap berdi.
Soňy
Aşgabat: 05.03.2021ý
©Rahman Zulfikarow