Dükandan guwanç bilen öýlerine çörek alyp barýan oglanjygyň gözleri birdenkä ýoluň gyrasynda duran täzeje awtoulaga düşdi. Ol hyýallar älemin-
de nämedir bir zatlary öz ýanyndan arzuwlap durka, ýanyna geýnüwli bir adamyň geleninem aňmady. Ol adam gele-gelmäne: «Saňa meniň ulagym ýarady öýdýän, bu meniň doganymyň
sowgady. Onuň işleri örän şowuna,şonuň üçinem muny öz gadyrdan jigisine sowgat etdi» — diýip, gülümsiräp oglana habar gatdy.Oglanjyk: «Hawa, ulagyňyz juda owadan hem ajaýyp eken. Belki, günleriň birinde men hem...» — diýip, sö-
züni soňlamaka, şol geýnüwli syrdam ýigit: «Şolar ýaly doganyň bolmagyny arzuw edýänsiň» diýip, ony ýaňsa almakçy boldy.Oglanjyk: «Ýok, ýok, beýle däl. Me-niň hem jigim bar. Men oňa şeýle ulagysowgat ederin. Siziň doganyňyzyň işleri
aýdyşyňyz ýaly öz-özünden şowlaýan däldir, ol munuň üçin gije-gündiz işleýändir, men hem şeýle işlemekçi» diýip,elindäki çöreklerini öýüne ýetirmäge howlukdy
Cheshmesi:" Turkmen dünyasi "Gazetinin 24.11.2021senesindaki sanyndan
DonMaxx 3 years ago- tasirli ++