11.12.2021.

Ata Watanymyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda syýasy ulgamda uly üstünlikler gazanýar. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary barha berkäp, hyzmatdaşlaryň sany artýar. Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, sebitde durnukly ösüşiň ýola goýulmagyna, parahatçylygyň we dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar. Munuň şeýledigini paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýerleşýändigi hem subut edýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň yzygiderli we netijeli alyp barýan Öňüni alyş diplomatiýasy wajyp ähmiýete eýedir. Bu syýasy ugur gapma-garşylyklaryň öňüni almak, parahatçylygy berkitmek we dünýäniň ähli ýurtlarynda durnukly ösüşi ýola goýmak hem-de yzygiderli ösüşde saklamak işiniň anyk gurallarynyň biridir. Türkmenistanyň hem halkara gatnaşyklarynda şu ugry saýlap alandygy bellärliklidir. Şeýle işleriň durmuşa geçirilmeginde hemişelik Bitaraplygymyza aýratyn orun degişlidir. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty parahatsöýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, birek-birege hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk ýaly düýpli düzgünnamalaryň esasynda hereket edýär. Bu syýasy ugur tutuş Ýer ýüzünde goldanylýan syýasy ýörelge bolandygy sebäpli Türkmenistanyň halkara abraýy has hem artdy. Munuň gözbaşynda bolsa hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde eden taryhy çykyşlary durandyr.
Bu günki gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyk döretmek ugrunyň esasy binýady bolup durýar. Ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň ýörelgeleri BMG-niň strategik esaslaryna doly laýyk gelýär. Munuň özi bu abraýly halkara gurama bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklarynyň has-da berkeýändigini görkezýär.

Gurbanmuhammet ATAÝEW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby.

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir