Barbados ada döwleti respublika boldy
«Belta» habarlar gullugy Karib deňzindäki Barbados ada döwletiň şu gün resmi taýdan respublika bolandygyny habar berýär. Ýurduň prezidenti wezipesine oktýabrda saýlanan Sandra Meýson geçdi, indiden beýläk Beýik Britaniýanyň şa aýaly Ýelizaweta II bu karib döwletiniň ýolbaşçysy däl.
Barbadosyň paýtagty Brijtaundaky Milli gahrymanlar meýdanynda şa aýalyň Tugrasy ýatyrylyp, Sandra Meýsonyň inaugurasiýa çykyşyndan soň respublikanyň prezidentiniň Tugrasy ýokary göterildi.
Barbados — Beýik Britaniýa tarapyndan baştutanlyk edilýän Arkalaşygyň düzümindäki garaşsyz döwlet. Ol Karib deňziniň gündogar böleginde ýerleşýär, adada 287 müň adam ýaşaýar. Ýurt garaşsyzlygyny 1966-njy ýylyň 30-njy noýabrynda gazandy.