Eje-Kaka hakynda setirler
Ejem-Kakam baý diýip däl,
Ejem-Kakam bar diýip guwan!
-----------------------------------
Kakam döwletim,
Ejem jennetim!
-----------------------------------
Eje, bu sizi soňky demine çenli, ýekejede üýtgemän, söýüp biljek ynsan!
-----------------------------------
Baýlyk näme? Baýlyk - bu Ejeň...
Juwaz hakynda rowaýat
Öňki döwürde depseň yranmaz sahawatly baýlaryň biriniň dört ogly bilen juda owadan bir gyzy bar eken. Kakasynyň nahar-şoruna ol gyzyň özi sereder eken. Ol künjini sokuda döwüp, soňam gazanda gaýnadyp, galkman edip, ýag alypdyr. Şol ýagdan hem kakasyna palaw bişirip beripdir.
Gyz kämillik ýaşyna ýetende kakasy oňa ähli ygtyýary berip, ýanýold...
Iň kuwwatly traktorlar
Oba hojalyk tehnikalarynyň dürli görnüşleri bolup, olar ekerançylykda hasyl ýygnamakda we ýerleri ekişe taýýarlamakda daýhanlara kömekçi bolup hyzmat edýär. Traktorlar, esasan, oba hojalygy we gurluşyk pudaklarynda ulanylýar.
«Big Bud 16V-747»: uzynlygy 8,5 metre, ini 6 metre ýetýän bu traktoryň kuwwaty 1100 at güýjüne barabar. 16 silindrli...
Çaýyň taryhyndan
Çaý dünýäniň köp ýurdunda gündelik sarp edilýän içgi hasaplanýar. Bu önümiň ata watany Hytaý hasaplanýar. Çaý sözi hem ähli dillere diýen ýaly hytaýçadan iki görnüşde geçipdir. Dünýä halklarynyň köpüsi bu içgini çaý, şaý ýaly görnüşinde atlandyrýan bolsa, köpüsinde «ti» sözi ulanylýar. Aslynda, bu iki söz hem hytaýçanyň başga şiwelerine degişlidir....
Watana bolan söýgi mukaddesdir
Watan diýmek näme? Megerem bu soraga her kim özüçe jogap berýändir. Watan diýlende gözümiziň öňünde ilki bilen her bir ýurduň tebigaty, daglary, çölleri, mawy asmany göz öňüňe gelýär. Her bir ynsanyň özüniň önüp – ösen ýeri örän gadyrly bolýan eken. Watan diýlende biziň gözümiziň öňüne türkmen sähralary, dag-gerişleri, bäş welaýaty daşyna üýşürip...
Ak şäherim Aşgabat (akro)
Alnyma sylmyşam ajap keşbiňi,
Keşbi dünýä nusga gözel Aşgabat.
Şygryma salaýyn saňa yşgymy
Äleme yşk nurun saçýan Aşgabat.
Her ädimi keramatdan ybarat,
Eşretine Hakdan inmiş salamat,
Röwşen ýollar rowaçlykdan alamat,
IL halanym ak şäherim Aşgabat.
Mermerden düzülen misli erteki,
...
Yashalym hacan adam bolorka?
Yashalym duzeler diyip umyt edyaniniz bar bolsa like basyn😖😖
#3.Chat
Salam hemma! Ertiriniz hayyrly bolsyn!!
Kim online bolsa geliñ! Duyn kimin guni nahili gecdi diyen sorag bn dowam edyas!
Aynura-nyň haýyşy boýunça @Abaddon!
Suratdaky kinony goýaýyň diýp haýyş etdi!
FIFA-nyň KHDR-nyň milli ýygyndysy barada kabul eden karary Türkmenistanyň ýygyndysyna-da täsirini ýetirdi
Şu gün FIFA Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa yklymy boýunça saýlama duşuşyklary bilen bagly möhüm bir karara geldi. Bu kararyň Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem wekilçilik edýän «H» toparçasy bilen bagly bolmagy türkmen janköýerleri üçin örän gyzyklydyr.
Şol bir wagtyň özünde-de karar milli ýygyndymyzyň janköýerlerini gynandyrdy...
Ejä söýgi kemligi
Ejeňizi söýüň!
Söýgüňiz kemmäň!
Söýüň ony, diri wagty gadyrlap.
Eje ýetdirenok dünýäde hemmä,
Ýa-da gezmäň diliňizde hödürläp.
Ejeňizi söýüň!
Söýgüňiz kemmäň!
Ol sizi ulaltdy gije ukusyz.
Indi bir ýetişip ejeňiz depmäň,
Galarsyňyz dünýäňizde garaksyz.
Ejeňizi söýü...
Ahmet Halmyrat - Sazyñ jadysy (nowella)
Gara gaş, gara göz, inçemik gös-göni burnunyň aşagy gyrçuwlanyp timarlanan gara murtly, tolkunly şar gara saçlary egnine düşüp duran akýagyz bu ýaş ýigidiň synasyna ýumşaklyk bilen şaplaşyp duran göm-gök egin-eşigi ony bolşundanam birneme hortap görkezýän ýaly. Ony kime görkezip "şu—türkmen" diýseň hiç kimem ynanjak däl. Üstesine, elindäki ykjam go...
Gysgaça degisme
Bu dùnŸàde her bir adam,
Bir kàrden çôrek iŸer,
Garawul Ÿatyp iŸer,
Kaçikar Ÿakyp iŸer,
Kamersant satyp iŸer,
Çopanlar bakyp iŸer,
Bal aryly baldan iysin,
Gassap soyup maldan iysin,
Nàme iysede adamzat,
Diñe halaldan iysin.
Baýramgeldi Çaryýew - Gökböri
(Gök böri ýa-da gurt göwünli türkmenleriň ruhy seždesi hakda söhbet)
Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamada ikinji eýýämyň oňonynyň gök böri-boz gurt bolandygyny ýazýar. Munuň bilen baglanşykly maglumatlar tutuş taryhymyzyň hem edebi ýazuw ýadygärliklerimiziň süňňüne ornan eken. Hatda türkmenleriň ýönekeý durmuş senetleridir adatlarynyň iç...
Bally Seýitberdiýew - Duzuňyzy dadyp... (Hekaýa)
Gadymdan bäri halkyň arasynda dilden-dile, ilden-ile geçip, ýaşap gelýän bu gyzykly kyssanyň haçan dörändigi belli däl. Menem muny atamdan eşitdim, ol hem öten eždatlarymyzdan eşidip, bize ýetiripdir.
Ilki eşidenimde bu gürrüň saçak başynda, başymyz jem bolup otyrkak başlanypdy. Çagalaryň biri çörek iýip otyrka, onuň bir owuntygy tötänden ýe...
Aşgabadyň taryhyndan parçalar
Mähriban Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat ilkibaşda kiçeňräk gala berkitmesi eken. Geçen 140 ýylyň dowamynda Aşgabat, gör, nähili özgerdi! Birwagtky Aşgabat obasynyň ornunda ajaýyp, döwrebap häzirki zaman şäheri kemala geldi.
Taryhy maglumatlara ýüzlensek, 1885-nji ýylda Aşgabada demir ýol gelýär. Demir ýoluň gelmegi bilen, bu ýere Russi...
Turco baby /''Turko beýbi''/ täzeligiň ýaňy
TURCO BABY /''TURKO BEÝBI''/ TÄZELIGIŇ ÝAŇY
Türkiýada öndürilýän Turko baby firmasyndan çykarylýan pampersi /çaga buşugmasynyň myýmyk örtügi/, çyg süpürgiçleri, ''Turco lady'' (''Turko zenan'') satyşa çykarmaklygyny dowam etdirýär.
Ýaňy-ýakynda Turko beýbi çaga buşugmasynyň myýmyk örtüginiň täze görnü...
Şyh Sangan
ŞYH SANGAN /gysgaça/
Hristiýan gyza aşyk bolany üçin, sufistik edebiýatda giňden ýaýran legendar gahryman. Şyh Sangan we hristiýan gözeli hakda şyh Attaryň ''mantyk - et - taýr'' we Nowaýynyň ''Lisan - et taýr'' atly eserlerinde ýörite hekaýatlar bar. Gündogarda ''Hekaýaty - Şyh - Sangan'' atly eser özbaşdaklykda hem ýaýrapdy...
Hasan Daýy we Jynlar
Hasan daýy we jynlar
1962-nji ýylda Izmiriň Bergama etrabynda üzümçiliklerde işleýän Hasan atly atamyň dosty bu wakany başdan geçiren adamdy. Şol wagt onuň 4 çagasy bardy. Üzümçiliklerde işleýändigi we öýden uzakdadygy sebäpli, işleýän üzümçiliginiň öňündäki kiçijik bir öýde ýatýardy. Şol döwürde adamlaryň durmuşy ekinçilik ýa-da b...
Beden Agzalary (Hekaýa)
BEDEN AGZALARY
Bedeniň agzalary bir gün öz aralarynda maslahat geçiripdirler. Olaryň bary garyn üçin işleýändiklerinden arz-şikayat edýärmişler. Agzalar:
- Görsene muny, biz-ä işlemelimiş, bu bolsa hiç zat etmeli däl - diýşip, garna gahar edýärdiler. Maslahatyň soňunda agzalar mundan beýläk garnyň aýdanlaryna gulak asmajakdykl...