25-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr «Hans Zimmeriň älemi» (Hans Zimmer’s Universe) atly sazly şüweleňini tomaşaçylara hödürledi. Orkestriň döredilmeginiň sekiz ýyllygyna bagyşlanan konsert meşhur filmleriň sazlaryna beslendi we iki sagatdan gowrak dowam etdi. Hans Zimmeriň älemine sazly syýahat: Tahyr Ataýewiň orkestri döredilen gününiň 8 ýyllygyny belledi Konsert «Kung-fu Panda» animasion filmler tapgyrynyň joşgunly sazlary bilen açyldy. Soňra «Korol Artur» taryhy dramasy üçin döredilen sazlar ýaňlandy. «Gaýa» atly dartgynly söweşjeň filmiň sazy hem-de «Perl Harbor» atly harby-taryhy filmdäki liriki saz tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy. «Gladiator» filmi bilen gahrymançylykly äheň dowam etdirildi. «Şerlok Holms» filminden ýerine ýetirilen saz bolsa zala syrly ýagdaýy we ýeňil degişme äheňini getirdi. «Soňky samuraý» filminden ýerine ýetirilen kompozisiýalarda Gündogaryň özboluşly saz gözelligi duýuldy. Konsertiň iň köp garaşylan eserleriniň biri fantastiki «Dýuna» dessany üçin döredilen saz boldy. Maksatnama «Interstellar», «Karib deňziniň garakçylary», «Formula-1», «Ýaryş» we «Başlangyç» filmleriniň sazlary hem girizildi. Konsert «Şa Ýolbars» filminden ýerine ýetirilen saz bilen tamamlandy. Hans Zimmeriň älemine sazly syýahat: Tahyr Ataýewiň orkestri döredilen gününiň 8 ýyllygyny belledi Konsertiň aýratyn gurşawyny diňe bir sazandalar döretmedi. Sahnanyň töründe ýyldyzly asman öwşün atyp durdy, ekranlarda filmlerden pursatlar we sazandalaryň ýakyndan düşürilen şekilleri görkezildi. Sahna ýeňil duman ýaýrap, onuň öň tarapynda güller ýerleşdirilipdir. Saz toparynyň kirişli saz gurallarynda çykyş edýän zenan agzalary milli nagyşlar bilen bezelen gök mahmal lybaslary geýipdirler, erkek sazandalar bolsa sypaýy gara kostýumlarda çykyş etdiler. Şeýlelikde, kino sazlary bilen nusgawy saz sungaty milli öwüşgin bilen sazlaşyk tapdy. Hans Zimmeriň älemine sazly syýahat: Tahyr Ataýewiň orkestri döredilen gününiň 8 ýyllygyny belledi Konsertiň ahyrynda sazandalar ellerinde skripkalary we wiolonçelleri bilen tomaşaçylaryň öňünde baş egmäge çykdylar. Konsert tamamlanandan soň hem tomaşaçylar uzak wagtlap zaldan çykman, el çarpdylar. Tahyr Ataýewiň orkestri ýaş sazandanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda döredildi. Şondan bäri ol paýtagtyň tanalýan medeni sungat nyşanlarynyň birine öwrüldi. Toparyň repertuarynda dünýä ýurtlarynyň nusgawy sazlary, türkmen kompozitorlarynyň eserleri, şol sanda Nury Halmämmedowyň we Daňatar Öwezowyň kompozisiýalary, şeýle hem filmleriň sazlary, rok aýdymlary we estrada eserleri bar. «Saz adamyň kalbyna ýetmelidir. Eger tomaşaçy konsertden täze duýgular we täsirler bilen gaýdýan bolsa, diýmek, çeken zähmetimiz ýerine düşýär» — diýip, Tahyr Ataýew belleýär. Şol agşam tomaşaçylaryň täsirli seslenmelerine we joşgunly el çarpyşmalaryna görä, orkestr bu maksadyna ýetmegi başaran bolmaly.