Pakistan bilen Türkmenistan dini bilim, Gurhany öwrenmek we dini meseleler boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Pakistanyň Din işleri we dinara ylalaşyk ministrligi habar berýär. Bu mesele Pakistanyň Yslamabat şäherinde «Arkadagyň Ruhy metjidi» dini guramasynyň başlygy we baş ymamy Ýalkap Hojagulyýewiň Pakistanyň din işleri boýunça federal sekretary Abrar Ahmed Mirza bilen golaýda geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň netijesinde taraplar Türkmenistanda yslam dininiň taglymatyny giňden wagyz etmek maksady bilen, dini bilim ulgamynda Pakistanyň tejribesinden peýdalanmak we özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada ylalaşdylar. Ýalkap Hojagulyýew saparynyň maksadynyň Pakistanyň dini bilim ulgamynyň gurluşy, okuw maksatnamalary we okatmagyň usulyýetleri bilen tanyşmakdan ybaratdygyny belledi. Şeýle hem ol yslam dininiň esaslaryny, fykyhy (yslam hukukşynaslygyny) we tefsiri (Gurhanyň düşündirilişini) öwretmekde Pakistanyň tejribesinden peýdalanmaga gyzyklanma bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→