Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian oktýabryň ahyrynda Gazy eksport ediji ýurtlaryň sekizinji sammitine gatnaşmak üçin Russiýa sapar bilen barar. Onuň saparyň dowamynda şeýle hem Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygy meýilleşdirilýär diýip, Eýranyň Moskwadaky ilçisi Kazem Jalali habar berdi. RF-niň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 19-njy oktýabrda Tährana sapar wagty Pezeşkiana rus kärdeşi Putiniň oňa ady tutulan forumda garaşýandygyny we ikitaraplaýyn duşuşmakçydygyny habar beripdi. Bu barada Eýranyň ilçisi Jalali «ria.ru» agentligine habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→