BMW awtoulag konserni aýratyn işgärlerine eger meýletin işden gitseler, 650 müň ýewro (730 müň amerikan dollary töweregi) pul tölegini teklip etdi. Bu barada geleşigiň gizlin nusgalygyna salgylanýan «Handelsblatt» neşiri habar berdi. Konsern geljek ýylyň ahyryna çenli 8 müň töweregi işgärini boşatmakçy. Ady tutulan teklibe isleg bildirenler gaty köp boldy. Geleşige görä, işden 2027-nji ýylyň 31-nji martynda ýa-da 31-nji oktýabrda gidip bolar. Has ir işden gidenlere has bähbitli geleşik teklip edilýär. Tölegleriň möçberi her bir işgäre degişlilikde, aýratyn hasaplanýar. Ony bir gezeklik ýa-da pensiýa hasabyna geçirmek arkaly alyp bolýar. Işgärleriň bir bölegi ýeňillikleri saklap galyp bilerler, olara täze we ulanylan BMW awtoulaglaryna arzanlaşyklar hem girýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→