Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäherinde Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwalyna Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň döredijilik topary «Ak at» atly spektakly bilen gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. 18 — 23-nji oktýabr aralygynda geçirilen festiwala gatnaşan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň döredijilik topary öz sahna eserinde täsirli wakalaryň üsti bilen dost-doganlyk ýörelgeleri giňden dabaralandy. Halkara festiwalyň emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijelerine görä, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň döredijilik toparynyň «Ak at» satly sahna oýny halkara teatr festiwalynyň iň ýokary baýraga – «Parahatçylyk, ynsanperwerlik hem-de dostluk temasyndan iň gowy sahna oýny» atly baýraga mynasyp boldy. Belli kino aktýor, režissýor, Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanow «Ak at» atly pýesasyny öz durmuşyndan we taryhy wakalardan ylham alyp döredipdir. Onda Aşgabat ýer titremesinde ýan ýoldaşyny we 3 aýlyk çagasyny ýitiren Jemal ejäniň Baku şäherinde uzak ýyllaryň dowamynda bejergi alansoň, öz perzendiniň gözlegini çykyşy hem-de goňşy Daşkent şäherindäki çagalar öýünden alyp Nazira atly özbek zenanyň ogullyk edip terbiýeleýşi örän täsirli wakalaryň üsti bilen beýan edilýär. Jemal ejä perzendi Alyşiri tapmaga, seýis kakasy tarapyndan ýasalyp, çagaka boýnuna dakylan dagdandan bejerilen ak atyň heýkeljigi ýardam edýär. Alyşiri terbiýeläp ýetişdiren Daşkendiň teatr-çeperçilik institutynyň professory, Özbegistanyň halk artisti, belli kino we teatr artisti Nazira Alyýewa halypa artist B.Ananowyň halypasy-hünär dersleri mugallymy bolýar. Şeýlelikde, teatryň döredijilik topary halkara festiwalyň birnäçe baýraklary bilen sylaglandy. Hususan-da, türkmen teatrynyň sahnalaşdyran ajaýyp drama eseri bolan «Ak at» atly spektakly TÜRKSOÝ agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwalynyň kubogy, şeýle hem bu sahna üçin Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň, Andijan şäheriniň häkimliginiň IV halkara teatr festiwalynda parahatçylyk, ynsanperwerlik we dostluk temasyndan iň gowy spektakl atly baýragyny tassyklaýan Diplom bilen sylaglandy. Festiwalyň çäginde mundan başga-da Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň IV teatr festiwalynda türki halklaryň teatr sungatynda gazanylan üstünlikleri birek-birege ýakyndan tanyşdyrmakda, teatr artistleriniň, režissýorlarynyň özara tejribeleri alyşmaklarynda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da netijeli häsiýetde ösdürmekde örän ähmiýetli boljak ussatlyk sapaklary, tejribe alyş maslahatlary geçirildi. Olara belli režissýorlar hem-de dramaturglar, teatr sungatyny öwreniji alymlar, belli teatr artistleri gatnaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→