Gyrgyzystanyň at gazanan bilim işgäri, görnükli jemgyýetçilik wekili, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Roza (Rozetta) Aýtmatowa 89 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada «kabar.kg» agentligi habar berdi. Roza Aýtmatowa 1937-nji ýylyň 8-nji martynda Moskwada doguldy. Ol görnükli döwlet, partiýa we jemgyýetçilik işgäri Torokul Aýtmatowyň gyzydy we dünýä belli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň uýasydy. Ol köp ýyllaryň dowamynda ylmy-pedagogik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullandy hem-de Gyrgyzystanyň bilim ulgamynyň ösüşine, zenanlaryň hukuklarynyň goralmagyna, taryhy mirasyň goralyp saklanmagyna uly goşant goşdy.