OpenAI kompaniýasy Apple korporasiýasyna garşy Kaliforniýanyň federal kazyýetine garşylyklaýyn arza berdi. Onda korporasiýa söwda syrlaryny ogurlamakda we enjam öndürijilere basyş etmekde aýyplanýar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Arzada Apple-iň OpenAI kompaniýasynyň emeli aňy goldaýan we geljekde çykarmagy meýilleşdirýän, iPhone smartfonlaryna bäsdeş bolup biljek enjamlarynyň üstünde işleýän potratçylaryň işine päsgel berýändigi öňe sürülýär. Mundan başga-da, kompaniýanyň ozal ChatGPT-ni taýýarlan toparynda, takmynan, alty aý işlän öňki işgäri özüne işe almak arkaly täze enjam, şeýle-de OpenAI-yň meýilnamalary baradaky gizlin resminamalary ele salandygy aýdylýar. OpenAI, şeýle hem Apple-iň işden çykýan işgärleriniň iş we şahsy hasaplaryny biri-birinden aýyrmagyny kynlaşdyrýandygyny öňe sürýär. Kompaniýanyň tassyklamagyna görä, Apple öňki işgärleriniň şahsy enjamlaryna we hat alyşmalaryna elýeterliligini saklap galýar. Bu bolsa bäsdeş kompaniýalara işe geçýän hünärmenleri «yzarlamaga we ýüze çykarmaga» mümkinçilik berýär. OpenAI-yň maglumatlarynda aýdylyşy ýaly, onuň toparyna Apple-iň ozalky 400-e golaý işgäri işe geçipdir. Emeli aň işläp taýýarlaýjy kompaniýanyň pikiriçe, korporasiýanyň bu hereketleri olaryň göreldesine eýermek isleýän beýleki hünärmenleri gorkuzmaga gönükdirilendir. Häzirki dawa iýul aýynda başlanan kazyýet jedeliniň dowamydyr. Şol wagt Apple OpenAI kompaniýasyna we onuň öňki iki işgäri Tan Tan bilen Çan Lýuwa garşy kazyýete ýüz tutupdy. Olar ChatGPT-ni işläp taýýarlaýjy kompaniýanyň sarp ediş elektronikasy bazaryna çykmagy üçin söwda syrlaryny bikanun eýelemekde aýyplanypdy. OpenAI bolsa, öz gezeginde, bu aýyplamalary ret edýär we Apple-i Çan Lýu işden çykandan soň hem onuň şahsy hatlaryny bikanun ýol bilen ele salmakda aýyplaýar.