Türkmenistanda «Mekdebe çenli pedagogika» atly okuw kitaby neşir edildi. Täze neşiriň awtorlary Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymlary Nartäç Myradowa we Esen Atdaýew, şeýle-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Oguljuma Akmämmedowa. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, täze okuw kitaby ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde «Mekdebe çenli bilim we terbiýe» hünäri boýunça bilim alýan talyplar üçin niýetlenendir. Okuw kitabynda terbiýeçilik işlerini esasy ugurlar boýunça netijeli guramagyň, geçirmegiň we amala aşyrmagyň usullaryna bagyşlanan gymmatly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Hususan-da, awtorlar mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň akyl, ahlak, watançylyk, zähmet, beden, duýuş (sensor), estetiki we ekologik terbiýesi bilen bagly meseleleri giňişleýin beýan edýärler.