Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde abadanlaşdyryş we bezeg işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Aşgabadyň medeni we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalarynda hem-de desgalarynda, seýilgählerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş, şeýle hem olaryň daş-töwereginde dürli görnüşli agaç nahallaryny we bezeg güllerini ekmek işleri yzygiderli ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabadyň şaýollary we köçelerini bezemek boýunça degişli işler geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda hemişelik Bitaraplygyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden geçirilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere ýetip gelýän baýramçylyk bilen bagly Aşgabatda abadanlaşdyryş we bezeg işleriniň geçirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.