Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze tikin fabrigi gurlar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurduň dokma senagatynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak arkaly, içerki we daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýan ýokary hilli dokma önümleriniň giň görnüşini öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän «Bäherden» tikin fabrigini gurmak boýunça degişli çäreler görülýär. Bu kärhanany häzirki zaman enjamlar bilen üpjün etmek hem-de onda giň görnüşli önümleriň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň dokma senagatynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze tikin fabrigini gurmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→