Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilen güni mynasybetli dabaraly maslahat geçiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy döredilen gününden bäri mukaddes Garaşsyzlygyň we baky Bitaraplygyň binýadyny pugtalandyrmaga, raýatlaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamaga uly goşant goşup, ýurduň uly syýasy güýjüne öwrüldi. Häzirki döwürde partiýanyň işjeň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň strategiki syýasatynyň, giň gerimli özgertmeleriniň taryhy ähmiýetini düşündirmek boýunça işleri alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Demokratik partiýanyň döredilmegi mynasybetli «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi — agzybirligiň, jebisligiň we milli demokratiýanyň dabaralanmagy» atly dabaraly maslahaty geçirmek, şeýle-de şanly senä gabatlanyp yglan edilen «Göreldeli wagyzçy» atly bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň gymmat bahaly sowgatlarynyň gowşurylmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda milli demokratiýa ýörelgesini pugtalandyrmak, halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy we wise-premýere Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmegi mynasybetli dabaraly maslahata gowy taýýarlyk görmegi we guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.