Geljek aýda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň jemi jemlener. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Seýidowanyň şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi baradaky hasabatynda bellenildi. Bellenilişi ýaly, geljek aýda yglan edilen döredijilik we hünär bäsleşikleriniň, şol sanda «Merdana nesil» hem-de «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabaralarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem şu ýylyň 31-nji dekabrynda «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde, Arkadag şäherinde, welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňünde Täze ýyl teleköprüsiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere dekabr aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→