Türkmenistanda tebigy gazy we nebiti çykarmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrylar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer G.Agajanowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurtda uglewodorod serişdelerini çykarmakda guýularyň önüm berijiligini has-da artdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalaryny hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan degişli kararlara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.