Türkmenistanyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler has-da kämilleşdiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer M.Akmämmedowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda halkara talaplara laýyklykda hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) degişli maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Hususan-da, dürli maksatnamalaryň çäklerinde birnäçe ugurlar boýunça okuwlar geçirildi. Şunda bu ugurda işleýän halkara guramalar we öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ICAO-nyň standartlaryna laýyklykda, ýurduň raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli tejribeli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda milli awiasiýa pudagynyň işini kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça wise-premýere degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→