13-nji dekabrda Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň wekilçiligi her ýyl geçirilýän «Winter Cup 2026» aň-paýhas bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bäsleşigiň esasy oýny hersi 12 soragdan ybarat bolan iki tapgyrdan ybarat bolar. Her bir soraga dogry jogaby tapmak üçin bir minut wagt berler. Iki tapgyryň netijeleri boýunça iň gowy netije görkezen iki topar finala çykyp, çempionlyk ugrunda bäsleşer. Final oýny 6 utuga çenli dowam eder. Beýleki toparlar bolsa üçünji we ondan soňky orunlar ugrunda bäsleşigi dowam etdirerler. Bäsleşik Arçabil şaýolunyň 41-nji jaýynda, «ABM» işewürlik merkezinde ýerleşýän «Angar» resto-klubunda geçiriler. Başlanýan wagty: 12:00. Bäsleşigiň şertleri: Her toparda ýaş çäklendirmesi bolmazdan, 6 adama çenli gatnaşyjy bolup biler. Bäsleşik türkmen we rus dillerinde geçiriler. Gatnaşmak hemmeler üçin açyk we mugt. Öňünden hasaba durmak hökmanydyr. Bäsleşige gatnaşmak üçin şu baglanyşyk arkaly onlaýn görnüşdäki sowalnamany doldurmagyňyzy haýyş edýäris.