4-nji dekabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda nemes pianinoçysy Mattias Kirşnereýtiň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde berjek fortepiano sazynyň konserti geçiriler. Orkestre dirižýor Rasul Gylyjow ýolbaşçylyk eder. Konsertiň maksatnamasyna Frans Şubertiň, Feliks Mendelson-Bartoldiniň, Klod Debýussiniň, Sergeý Rahmaninowyň, Frederik Şopeniň we Edward Grigiň eserleri girizilendir. Konsert Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan guralýar. Aşgabatda Mattias Kirşnereýt bilen fortepiano sazynyň konserti geçiriler Konsert sagat 19:00-da başlanar we oňa isleg bildirenleriň ählisi baryp biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→