Hindistanyň Bihar ştatynda ýerli syýasatçy Anand Singhiň gyzynyň toýuna 400 müň myhman çagyryldy. Myhmanlar üçin ýarym million töweregi milli süýjülikler taýýarlandy, toýda 500 sany aşpez hyzmat etdi diýip, «The Guardian» neşirine salgylanýan «kabar.kg» habar berdi. Şiwangi Singh bilen Rişikeş Kumaryň toýy 25-nji noýabrda Nadawa obasynda boldy. Toýuň geçirilýän ýeriniň tutýan meýdany 2,5 gektara golaýlady. Tagamlary taýýarlamak üçin bir tonna golaý et harçlandy. Ýokary wezipeli myhmanlar üçin alty sany wagtlaýyn dikuçar gonalgasy döredildi. Öýlenýän ýigit toýa 151 awtoulagdan ybarat kejebe bilen geldi. Toý çäresi çynlakaý ulag päsgelçiliklerini emele getirdi. Ýollarda köp kilometrlik dyknyşyklar döredi, käbir myhmanlar toýa pyýada gelmeli boldy. Toý eýeleri baş baýragy ýolsuz ýerde ýöreýän awtoulag bolan at çapyşygyny guramakçy boldular, emma tomaşaçy gaty köp ýygnanansoň, goýbolsun etdiler. Habarda Hindistanda häzir toý möwsüminiň başlanandygy, ýurtda 15-nji dekabra çenli 5,2 million töweregi toý tutuljakdygy bellenýär.