Ýewropanyň Merkezi bankynyň täze başlygy Ispaniýanyň Bankynyň öňki ýolbaşçysy Pablo Ernandes de Kos bolar. Ol öz wezipe ygtyýarlylyklaryna 2027-nji ýylyň fewralynda girişer. Kos wezipede möhletinden öň işden gidýän Kristin Lagardy çalşar diýip, «rg.ru» habar berdi. Indi Kosuň bellenmegi üçin Ýewropa parlamentinde hem-de ÝMB-niň Dolandyryjy geňeşinde tassyklanmagy gerek, bu edaralaryň ikisiniň hem oňa gadaganlyk girizmek hukugy ýokdur diýip, «La Vanguardia» ispan gazeti ýazýar. Bilermenler täze başlygyň ilkinji nobatda hümmetsizlenmä garşy göreşmeli boljakdygyny, şeýle hem garaşsyz bergileriň täze krizisiniň öňüniň alynmagy, gymmat kagyzlar bazarynda täze sarsgynlara ýol bermezlik ugrunda yhlas etmelidigini belleýärler. Pablo Ernandes de Kos 55 ýaşynda. Hukuk ugrundan ýokary bilimli, ykdysadyýet boýunça doktor derejesiniň eýesi. Ispaniýanyň bank ulgamynda ýokary wezipeleri eýeledi.