Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň garamagyndaky edaralar üçin lukmançylyk enjamlaryny, sanjymlary, reagentleri, şeýle-de anyklaýyş we sarp ediş serişdelerini satyn almak boýunça tender bäsleşigini yglan etdi. Bu barada ministrligiň degişli bildirişinde habar berilýär. Satyn alyş № 6 belgili lot boýunça amala aşyrylar. Tendere gatnaşjak kompaniýalardan teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 günüň dowamynda ministrligiň Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýynda ýerleşýän binasynda kabul ediler. Goşmaça maglumatlary 40-04-79 telefon belgisi arkaly alyp bolýar.