«Warner Bros.» kinokompaniýasy «Ýüzükleriň hökümdary: Gollumy tutmak» (The Lord of the Rings: The Hunt for Gollum) filminiň surata düşüriliş işleriniň tamamlanandygyny resmi yglan etdi. Munuň bilen baglylykda, studiýa degişme äheňli wideoroligi çap etdi, onda Gollum surata düşüriliş meýdançasyny terk etmekden ýüz dönderýär diýip, «rg.ru» habar berdi. Filme öňki bölümlerde Gollumyň keşbini ýerine ýetiren Endi Serkis režissýorlyk etdi. Surata alnyş işleri Täze Zelandiýada geçdi we dört aýa golaý dowam etdi. Täze filmde ýene Iýen Makkellen (Gendalf), Elaýja Wud (Frodo) we Li Peýs (Tramduil) çykyş edýärler. Asyl nusgada Aragorny janlandyran Wiggo Mortensonyň ýerine Jeými Dornan çykyş edýär. Aktýorlar düzümine şeýle hem Keýt Uinslet, Anýa Teýlor-Joý we Leo Wudall girdiler. Täze filmdäki wakalar Ýüzügiň Doganlygynyň syýahatynyň öňüsyrasynda bolup geçýär. Gendalf Aragorna Gollumy tapyp, ondan Hökmürowanlygyň Ýüzügi barada nämeleri bilýändigini anyklamagy tabşyrýar. Filmiň esasy hökmünde ýazyjy Ronald Ruel Tolkiýeniň asyl kinoüçlüge girmedik eserleriniň parçalary saýlanyp alyndy. «Ýüzükleriň hökümdary: Gollumy tutmak» halkara prokata 2027-nji ýylyň 17-nji dekabrynda çykar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→