ABŞ-da yşyksyz galan elektrik sarp edijileriň sany 760 müňden geçdi. Muňa ýurduň «Power Outage» gullugynyň maglumatlary güwä geçýär diýip, «khovar.tj» agentligi ýazýar. Aýratyn hem Wirjiniýa, Missuri, Merilend we Pensilwaniýa ştatlaryndaky 761 226 hojalykda elektrik üpjünçiligindäki bökdençlikler hasaba alyndy. Hepdäniň çärşenbe güni Nýu-Jersi ştatynda hem dowamly çabga we güýçli şemal sebäpli adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→