Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri, şeýle-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň şäher komiteti bilen bilelikde 4-nji dekabrda, anna güni boş iş orunlarynyň ýarmarkasyny geçirer. Çäre sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň S. Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän binasynda geçiriler. Guramaçylar kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň wekillerini we hususy telekeçileri ýarmarka gatnaşmaga çagyrýarlar. Olara bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary hödürlemegi teklip edýärler. Işe ýerleşmek isleýän raýatlara ýany bilen şahsyýetini tassyklaýan resminamany, bar bolan ýagdaýynda zähmet depderçesini, şeýle-de hünärini tassyklaýan resminamany getirmek maslahat berilýär. Goşmaça maglumatlary Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilaty iş bilen üpjünçilik bölüminden alyp bolýar. Bölümiň salgysy: Atamyrat Nyýazow şaýoly, 148-nji jaý. Telefony: 39-34-56. Şol salgynyň özünde ýerleşýän etrap bölümleriniň telefon belgileri: Bagtyýarlyk etrabynyň bölümi: 39-34-64, Berkararlyk etrabynyň bölümi: 39-34-71, Köpetdag etrabynyň bölümi: 39-34-76. Büzmeýin etrabynyň bölümi Oguz han köçesiniň 8-nji jaýynda ýerleşýär. Telefony: 35-12-69. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy bilen 22-74-07 telefon belgisi arkaly habarlaşyp bolýar.