Hindistanyň Agra şäherindäki Täçmahal toplumynyň gündogar, günbatar hem-de patyşalyk derwezelerinde 500 töweregi maýmyn syýahatçylara hüjüm edýärler diýip, «NDTV» teleýaýlymy habar berdi. Häkimiýetler käbir çäreleri görseler-de, bu kynçylygy aradan aýryp bilmeýärler. Ýigriminji noýabrda haýwanlar iki sany syýahatçyny dişlediler, olary hassahana ýerleşdirmeli boldy. Ýene birnäçe myhmana lukmançylyk kömegi berildi. Syýahatçylara maýmynlara golaý barmazlyk we olar bilen surata düşmekden saklanmak maslahat berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→