Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça geçirilen V halkara olimpiadanyň jemi jemlenip, onuň bilen ugurdaşlykda guralan «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi. «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat oňa gatnaşyjy professor-mugallymlarydyr alymlara himiýany okatmakda innowasion tehnologiýalaryň orny, täze himiýa tehnologiýalaryny işläp düzmegiň meseleleri, wekilçilik edýän bilim-ylym edaralarynyň, merkezleriniň mysalynda alnyp barylýan işler boýunça tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi. Dabaranyň ahyrynda himiýa dersi boýunça V halkara olimpiadada üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezen talyplar medallar hem-de diplomlar bilen sylaglanyldy. Halkara ylmy-amaly maslahata işjeň gatnaşan professor-mugallymlara bolsa şahadatnamalardyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Şeýlelikde, A derejede baýrakly orunlaryň 77-si kesgitlenip, şolardan ýeňijileriň 17-si birinji, 24-si ikinji, 36-sy bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Şeýle hem B dereje boýunça baýrakly orunlaryň 58-si kesgitlenip, onda ýaşlaryň 12-si birinji, 16-sy ikinji hem-de 30-sy bolsa üçünji orny eýelediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→