Çarşenbe güni Türkiýäniň demirgazyk-gündogaryndaky Riz sebitinde derýanyň suwy gyp-gyzyl reňke boýaldy. Waka barada ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanýan «Osnmedia.ru» internet neşiri habar berdi. Derýanyň geň reňkiniň bu zolakda ýaşaýan raýatlary gaty gorkuzandygy habarda bellenýär. Ýerli ýaşaýjylar gan reňkli suw howdany barada dessin gulluklara jaň edipdirler. Ýerli häkimiýetler uçarmansyz uçuş enjamlary arkaly derýanyň suwunyň reňkini üýtgetmeginiň sebäbini anykladylar. Ol galyndylary derýa akdyrýan çaý fabrigi bolup çykdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→