Smartfonlary we sanly tehnologiýalary öndürýän Hytaýyň «Nubia» kompaniýasy Türkmenistanyň bazaryna çykmagy hem-de ýerli «Ak-toprak» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda önümleriniň resmi satuwyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Aşgabat şäherinde XIX halkara «Türkmentel – 2026» sergisiniň çäklerinde «Nubia» kompaniýasy smartfonlaryň alty modelini, şol sanda oýun oýnamak üçin niýetlenen we korpusyna sowadyjy wentilýator oturdylan smartfonlary bilen tanyşdyrdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. Häzirki wagtda «Nubia Technology» kompaniýasy býujet we premium segmentlerine degişli smartfonlary öndürýär. Kompaniýa 2018-nji ýyldan bäri «RedMagic» atly oýun enjamlaryna ýöriteleşen goşmaça brendini hem ösdürýär. Öndürijiniň önümleriniň hataryna smartfonlardan başga-da, noutbuklar, planşetler we «akylly» sagatlar girýär. 2019-njy ýylda kompaniýa dünýäde ilkinji gezek korpusyna sowadyjy wentilýator oturdylan smartfony (RedMagic 3) çykardy. 2022-nji ýylda bolsa ekranyň aşagynda ýerleşdirilen öň kamera bilen üpjün edilen ilkinji oýun smartfonyny (RedMagic 7 Pro) hödürledi. Bu modeller satuwa çykarylan döwründe Android operasion ulgamynda işleýän enjamlaryň arasynda öndürijilik görkezijileri boýunça öňdebaryjy orunlary eýeläpdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→