«Ojar Aziýa» kompaniýalar topary Owganystanyň gurluşyk pudagyna we dikeldiş işlerine bagyşlanan «AFG REBUILD EXPO 2026» IV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşýar. Halkara çäre Owganystanyň Kabul şäherinde geçirilýär. «Ojаr Aziýa» kompaniýalar topary Kabul şäherinde geçirilen «AFG REBUILD EXPO 2026» halkara sergisine gatnaşýar Kompaniýanyň bu foruma gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýeti onuň görkezilen halkara sergide Türkmenistana we Merkezi Aziýa sebitine wekilçilik edýän ýeke-täk gurluşyk kompaniýalar topary bolmagydyr. «Ojar Aziýa» diňe bir halkara işewürlik çäresine gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem gurluşyk, infrastruktura, ulag we halkara hyzmatdaşlygy ugurlaryndaky mümkinçiliklerini görkezmek arkaly türkmen telekeçiliginiň kuwwatyny hem tanyşdyrýar. Kompaniýalar toparynyň sergi diwarlygynda onuň esasy iş ugurlary, iri taslamalary durmuşa geçirmekde toplan tejribesi, şeýle hem düzümine girýän kärhanalaryň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Olaryň hatarynda awtomobil ýollaryny we infrastruktura desgalaryny gurmak, ulag-logistika hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, gurluşyk we ýöriteleşdirilen tehnikalary, täjirçilik ulag serişdelerini hem-de enjamlary üpjün etmek, şeýle hem maslahat beriş, syýahatçylyk we hukuk hyzmatlaryny hödürlemek ýaly ugurlar bar. Sergi ekspozisiýasy myhmanlara kompaniýalar toparynyň hünär mümkinçilikleri bilen tanyşmaga we dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine garamaga şert döredýär. «Ojаr Aziýa» kompaniýalar topary Kabul şäherinde geçirilen «AFG REBUILD EXPO 2026» halkara sergisine gatnaşýar «Ojar Aziýa» kompaniýalar toparynyň çärä gatnaşmagynyň möhüm bölegini giň gerimli işewürlik maksatnamasy düzýär. Toparyň wekilleri öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalarynyň, işewür birleşikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlar bilen duşuşyklary geçirýärler. Duşuşyklaryň çäklerinde B2B görnüşindäki işewür gepleşiklere aýratyn orun berilýär. Olarda gurluşyk we infrastruktura taslamalaryna gatnaşmagyň, tehnika we enjamlar bilen üpjün etmegiň, logistika ugurlaryny ösdürmegiň hem-de bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Işewürlik gepleşikleriniň amaly netijesi hökmünde Owganystanyň öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalary bilen özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda birnäçe ähtnama gol çekildi. Gazanylan ylalaşyklar hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, türkmen telekeçiliginiň Owganystanyň bazaryndaky ornuny giňeltmäge hem-de geljegi uly bilelikdäki taslamalary mundan beýläk-de işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. «Ojаr Aziýa» kompaniýalar topary Kabul şäherinde geçirilen «AFG REBUILD EXPO 2026» halkara sergisine gatnaşýar «AFG REBUILD EXPO 2026» halkara sergisi we maslahaty öz işini dowam etdirýär we 2026-njy ýylyň 28-nji noýabryna çenli dowam eder.