Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legari bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-inde geçen duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerine garadylar. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň häsiýeti, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan uly mümkinçilikler bellenildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem bilelikdäki sebit infrastruktura taslamalaryny ilerletmek meselelerine esasy üns berildi. Mundan başga-da, sebit hyzmatdaşlygy we halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklar boýunça pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→