Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi. Türkmenistanyň DIM-inde bolan duşuşykda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenilip, strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklary nygtaldy. Söwda-ykdysadyýet, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi, şeýle hem gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.