«Top Gear» britan tok-şowhuny her ýyl berilýän baýragyň ýeňijilerini hem-de 2027-nji ýylyň iň ajaýyp awtoulaglaryny yglan etdi. Bu barada «rg.ru» habar berdi. Baş baýraga we «Ýylyň awtoulagy» derejesine bahasy 2 million funt sterling bolan «McLaren W1» ulagy mynasyp boldy. Ýylyň «kaşaň ulagy» baýragy «Mercedes-Benz VLE» kysymyna gowşuryldy. Eminler toparynyň pikirine görä, bu kysym uzaldylan teker ýeri ýa-da hrustal tutawaçly geçiriji gapyrjak däl-de, oňaýlylyga gol ýapmak bilen, kaşaňlyk baradaky garaýşy özgertdi. Kiçi litražly awtoulag ugry boýunça ýeňiji «Hyundai Ioniq 3», iň oňat sedan ugry boýunça ýeňiji «BMW i3» elektrik ulagy boldy. «Ýylyň şäher awtoulagy» ugry boýunça diňe arzan bahasy bilen däl (15 müň funt sterlingden aşak), eýsem, ýokary hili bilen tapawutlanýan «Renault Twingo» ýeňiş gazandy. «Ýylyň ýolsuz ýerde gezýän iň gowy awtoulagy» diýlip, innowasion gurluşy bilen tapawutlanýan «BMW X5» yglan edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→