26-njy noýabrda Pariž şäherinde «MEDEF International» guramasynyň binýadynda geçirilen umumy işewürlik duşuşygy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýolbaşçylary Fransiýanyň kompaniýalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň tapgyryny geçirdiler. Duşuşyklar türkmen wekiliýetiniň Fransiýa iş saparynyň çäklerinde geçirildi. Taraplar türkmen önümleriniň Fransiýanyň we Ýewropa bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmagyň, şeýle hem ýerli öndürijiler bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyň we uzak möhletleýin daşary söwda şertnamalaryny baglaşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşiklerde Türkmenistanyň nebit önümlerini, mineral dökünlerini, tehniki kükürt we himiýa hem-de nebithimiýa pudaklarynyň beýleki önümlerini satyn almak meselelerine esasy üns berildi. Fransuz kompaniýalary türkmen nebit önümlerini we dökünlerini satyn almaga gyzyklanma bildirdiler Söwda meselelerinden başga-da, gepleşiklere gatnaşyjylar ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini, halkara söwdanyň mehanizmlerini kämilleşdirmegi, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi we maliýe serişdelerini çekmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Fransuz tarapy Türkmenistanyň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de öwrenmäge, şeýle hem türkmen kärhanalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça taraplar işewürlik gatnaşyklaryny dowam etdirmek we Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny has jikme-jik öwrenmek barada ylalaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→