Britaniýadaky amatly bahadan harytlary satýan «Poundland» dükanlar tory batdy. Bu barada «The Telegraf» gazetine salgylanýan «regnum.ru» habar berýär. «Roždestwo birnäçe hepde galanda, 12 müň iş ornuna howp salmak bilen, Poundland batdy» diýlip, habarda bellenýär. Dükanlar torunyň eýesi bolan «Gordon Brothers» kompaniýasy oňa müşderi tapmady. Gazetiň ýazmagyna görä, tory ýapmak bilen «AlixPartners» kompaniýasynyň wekilleri meşgullanar.