Sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk boýunça halkara ylmy-amaly maslahat 25-nji noýabrda Aşgabat şäherindäki Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirildi. Maslahata öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň, milli guramalaryň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Aşgabatda energetika kompaniýalarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri pudakda emeli aňyň ulanylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar Maslahatyň açylyşynda ýokary okuw mekdebiniň rektory Baýrammyrat Atamanow hem-de çärä onlaýn görnüşde gatnaşan Hytaýyň Nebit uniwersitetiniň prezidenti Szin Ýan gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Umumy mejlisiň alyp baryjysy hökmünde «Turkmen Energy Forum» guramasynyň direktory Nazar Atajanow çykyş etdi. Aşgabatda energetika kompaniýalarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri pudakda emeli aňyň ulanylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar Maslahatda çykyş edenleriň hatarynda «Türkmennebit», «CNPC International Turkmenistan», «Eni», «ADNOC Turkmenistan», «Dragon Oil», «SLB» we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekilleri, şeýle hem «PETRONAS Tehnologiýa» uniwersitetiniň (Universiti Teknologi PETRONAS, Malaýziýa), Maşat şäherindäki Firdöwsi uniwersitetiniň (Eýran) we Doha Ylym we Tehnologiýalar uniwersitetiniň (Katar) alymlary boldy. Gatnaşyjylar ylmy barlaglarda, bilim ulgamynda we senagat önümçiligini ösdürmekde täze tehnologiýalaryň ornuny, şeýle hem energetika pudagynda sanly çözgütleriň iş ýüzünde ulanylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň maksatnamasyna emeli aň, sanly özgertmeler, kiberhowpsuzlyk, inženerçilik barlaglary, geologik maglumatlary dolandyrmak, ýokary okuw mekdepleriniň senagat kärhanalary bilen hyzmatdaşlygy ýaly meseleler girizildi. Ylmyň önümçiligiň zerurlyklary bilen arabaglanyşygyna, ýaş inženerleri we ylmy işgärleri täze tehnologiýalar bilen işlemäge taýýarlamaga aýratyn üns berildi. Aşgabatda energetika kompaniýalarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri pudakda emeli aňyň ulanylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar Bu dialogyň dowamy hökmünde 2026-njy ýylyň 14–15-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek «TESC 2026» atly Türkmen energetika ylmy-amaly maslahaty bolar. Onuň çäklerinde «PETRONAS TechONE ASHGABAT 2026» çäresi hem geçiriler. Çäreleriň geçiriljek ýeri hökmünde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag instituty kesgitlenildi. Maslahatda amaly inženerçilik çözgütlerine, tehnologiýalaryň tanyşdyrylyşyna, önümçiligiň netijeliligine, sanlylaşdyrmaga we halkara tehniki hyzmatdaşlyga esasy üns berler.