Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň «Arkadagyň ak ýoly bilen» diýlip atlandyrylan Serhetabat — Hyrat owgan böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, gaz geçiriji eýýäm Hyrada baryp ýetdi. Bu barada «Ussatnews» habar berdi. 2026-njy ýylyň ahyryna çenli gurluşyk-gurnama işleri boýunça hünärmenler galan turbalary ýerleşdirmek we gömmek, geçelgeleri abadanlaşdyrmak, gaz ölçeýji bekedi gurmak, şeýle hem owgan tarapy bilen hukuk we täjirçilik resminamalarynyň toplumyny jemlemek işlerini tamamlarlar. Bu ugur boýunça tebigy gazy 2027-nji ýylda iberip başlamak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Serhetabat şäherinden Owganystanyň Hyrat welaýatyna çenli uzalyp gidýän 153 kilometrlik bölegiň gurluşygyna 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda badalga berildi. 850-ä golaý türkmen hünärmeni we 280-den gowrak ýörite tehnikalar gaz geçirijiniň ugrunda 150,7 kilometr zolagy taýýarladylar, 139 kilometr turbalar bolsa eýýäm kebşirlenip, bir hatara düzüldi — bu bolsa bütin bölegiň uzynlygynyň, takmynan, 90 göterimine barabardyr. Taýýar bolan böleklerde tapgyrlaýyn gidrostatik synaglar geçirilýär. TOPH taslamasyna diňe bir ýylda 33 milliard kub metre çenli gaz geçirijilik kuwwaty bolan üstaşyr magistral hökmünde däl, eýsem, sebitiň senagat taýdan ösüşiniň binýady hökmünde hem garalýar. Taraplar Hyrat üçin ilkinji nobatdaky düzümleýin wezipeleri eýýäm kesgitlediler. Olar senagat zolagyny tebigy gaz bilen doly üpjün etmek arkaly ýerli senagat parkyna çenli gaz geçirijini çekmekden, gaz paýlaýjy beketleri gurmakdan, şeýle hem gysylan tebigy gazy öndürýän toplumy döretmekden ybaratdyr. Habarda bellenilişi ýaly, Serhetabat — Hyrat böleginiň ulanylmaga berilmegi tutuş TOPH taslamasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolup, türkmen tebigy gazyna dünýäniň iň çalt ösýän energetika bazarlarynyň birine çykmaga mümkinçilik döreder.