Eýran «GDA goşmak» formatyna kabul ediljek ilkinji ýurt bolup biler. Bu barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew TASS agentligi bilen söhbetdeşlikde habar berdi. Türkmenistanda oktýabrda geçen sammitde Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Yslam Respublikasynyň «GDA goşmak» formatyny başlamak meýli barada habar berdi. «Bu teklip GDA-da köpleri gyzyklandyrdy» diýip, Lebedew nygtady. «Bu mesele babatda oňyn garaýyşlar bar. Hut häzir şeýle formaty ilkini döwlet hökmünde Eýrana hödürlemek meselesi çözülýär» diýip, GDA-nyň Baş sekretary sözüniň üstüne goşdy. Geçen ýylyň oktýabrynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi «GDA goşmak» hem-de «GDA-da synçy» formatlaryny döretmek barada çözgüt kabul edipdi diýip, «Gazeta.ru» habar berýär.